Ejemiň ýatan ýerinden maňa tarap uzadan ysgynsyz ellerini aýalarymyň arasyna alyp, sypaladym. Mydary giden näzik ham, çykyşyp duran göm-gök damarlar, janyňa hoş ýakýan mylaýym ýylylyk maňa ejemiň tamdyr çörekleriniň ýakymly ysyny hem tagamyny ýatlatdy. Ejem dodaklaryny müňküldeden ýaly boldy. Aýtjak sözlerini eşitmän galaýmaýyn diýip, oňa tarap çalaja egildim.
— Baýlym, nämäň suratyny çekýäň, oglum?
— Obadaky öýümiziň suratyny tamamlap barýan, eje! — diýip, oňa eşidiler ýaly gatyrak gepledim.
Ejeme geplemek kyn düşýärdi. Şonda-da, gürläp ýatsa kem däl ýaly.
— Tamdyr-ojagymam çekdiňmi?
— Hawa, gapdalyndaky kelle urlan söwüdiňem çekdim, eje!
Ejemiň dodaklary çala çyzyldy. Suraty göz öňüne getiren bolsa gerek.
— Tamamladygym, getirip, ynha, şu ýerden asjak — diýip, men ejemiň garşysyndaky diwary görkezdim.
Ol ýatalgasynda ak gar ýaly tämiz ýorgan-düşegine çolanyp, bir gysym bolup ýatyşyna, içine çöküp giden, ýöne guwançdan doly didelerini maňa dikdi:
— Onda-ha, tüýs meň oglum bolýaň!
Bu gezek nazary ýüzümde uzak eglendi. (Şu pursady suratkeşiň gözi bilen «şyrkyldadyp», özüm üçin surata alyp goýdum.)
— Başlap-taşlap ýörmek bolmaz-a! Bir işiň başyny çugdamlamadyň-la! Her zada baş goşup gördüň. Gimnastika diýdiň, futbol diýdiň, çapyksuwarlyk diýdiň, dutar çaljak diýdiň, heýkeltaraşlyk diýdiň, suratkeşlik diýdiň! Çaşyň gözüne sereden ýaly etdiň!
Ejem barha bekine tutdy. Gyzaran ýüzi, taýak ýaly bolup çykan boýun damarlary eýgiligiň alamaty däldi.
— Meň häzir surat çekesim gelenok. Men woleýbola gatnajak!
— Onda näme maňa reňk bilen kagyz-galam baryny aldyrdyň? Mugallymyňam-a halamaz beýdip ýörseň. Başarýan işiňi ediber! Suraty erbet çekeňok. Mugallymyňam şeý diýdi.
— Çekesim gelenok diýdim, çekesim gelenok!
— Çekersiň, özüňem günde bir surat çekersiň! Her işi kämil öwrenmek üçin şol işi günde, yzygiderli etmeli! Näme, tutuş üç aý dynç alşyňy jikge düşüp ýatyp geçirjekmi? Şäher ýerinde mal-garaňam-a molap duranok.
— Men gowy surat çekemok. Çeken suratlarymyňam bary biderek. Onsoňam adam çekip bilemok. Kyn!
— Kyn bolsa, gaýta-gaýta çek. Ertirem Anna mugallymyň ýanyna ugra! Onsuzam iki sapak sypdyrdyň.
— Ýok, gitjek däl! Ýeke özüm içim gysýar. Çagalaň arasynda oturyp çekesim gelýär.
— On bir ýaşa, onsoň «Bäşim Nurala» girersiň. Şol ýerde özüň ýaly çagalar kän. Oňa çenli Anna mugallymyň ýanyna gatnap, eliňi düzmeli. Suratlaryň erbet däl-ä. Kem-kemden ökdeläp barýaň.
— Ýok, men diňe çekesim gelen wagty çekjek! Her gün çekjek däl!
— Hakyky suratkeş bolýançaň, her gün çekmeli.
— U-u-uf! Ýok!
Dulugym gyzyp gitdi. Ejemiň soňky aýdan sözlerini eşitmedim. Gözümden dökülýän gözýaşlar oýun oýnap oturan el telefonymyň ýüzüni buýr-bulaşyk etdi. Häliden bäri ilkinji gezek kellämi galdyryp, ejemiň ýüzüne seretdim. Ejem telefonymy elimden aldy.
— Akyl-huşuňy aldy seniň şu demir. Ene näme diýdi, ata näme diýdi, eşideňok, gulaklaryň gapyldy seniň. Ulalaňda, adama peýanyň degmez.
Ejem telefonymy stoluň üstüne tark edip taşlady-da, aşhana girip gitdi. Ýaňky şarpyk meni telefonymdaky hyýaly oýnuň gazaply uruş meýdançasyndan çykaryp, penjireleriniň öňi terje güllere basyrylan, mydama totularymyzyň saýraýan sesi gelip duran hakyky dünýä — otagymyza dolady.
Tekjäniň üstünde gelşik üçin göz edip goýlan futbol topum, gapdalyndaky, palçykdan ýasalyp, ýarpy-ýalta reňk çalnan heýkelim, kürsä ýaplangy duran kirşi üzük dutarym, iki günden bäri reňkli suwa batyrylgy duran ululy-kiçili surat çotgalarym maňa nägilelik bilen seredýärdi.
Ejem öýkeledi. Onda-da erbet öýkeledi. Şu wagtlara çenli meniň geldi-geçer arzuwlarymy çyn hasap edip, barmagymy çommaldan zadymy alyp berdi, hünärini maňa öwredip biljek zehinli mugallym agtaryp ylgady. Azmy şular?!
Ýöne, soň ejem ýene ýazylyşdy, öňküsi ýaly maňa: «Oglum!» diýip, ýüzlenip ugrady. Iýjek-içjegimi günde öňümde goýdy, täze eşigem äberdi. Ýüzüme seredip ýylgyrýaram. Men welin, utandym. Baýaky ýakymsyzlyk barada olam dil ýaranok, menem jyňkymy çykaramok. Henizem surat çekişim göwünli-göwünsiz.
Geň göräýmeli, bir gün özümden-özüm üýtgeşik surat çekdim. Suratymda ýüzi salyk ejem tamdyrymyza arkasyny berip, çommalyp oturşyna uzaklara inçelip gidýän ýola seredýärdi. Ýoluň asman bilen tapyşýan ýerinden boýy barmak ýalyjak bir adam bärligine ýöräp gelýärdi. Özüm bolsam gerek! Görüp otursam, men ejemiň içine salyp ýören öýkesini çeken ekenim! Hawa, çekdim! Şony çekip başardym! Diýmek, çekerin! Şol öýkäni ýazmak üçin kän-kän surat çekerin!
— Oglum, sen menden öýkeleme! Çaga wagtyň käýändirinem, temmi hem berendirin. Ulalaňda, saňa guwanmak üçin etdim muny.
Dişi ýok ejemiň kentlewüginiň arasyndan syzdyryp aýdan sözlerine hamsykdym.
— Öýkelämok, eje jan! Örän dogry edipsiň. Ýogsam, obamyzam, obadaky öýümizem tas ýadymdan çykaran ekenim. Basym obaňy tutuş gözelligi, hezilligi bilen kendire siňdirip, ýanyňa getirerin!
— Dogduk depämi siziň üçin goýup gaýdandyryn. Soň-soňlaram oba bilen gatnaşygy goýmaň! Iň sada ýürekli adamlar, tapylgysyz ýagşy gylyk-häsiýetler, bereket-bolçulyk diňe obada bardyr.
Ejemi köp garaşdyrmadym. Ussahanamda iki ýyl bäri sünnäläp çeken naýbaşy nakgaşlyk eserimi ölçegine laýyk äpet çarçuwa salyp, öýe getirdim. Ony diwardan asýan wagtymyz ejem ýatan ýerinden çala tirsegine galyp, suratyň haýsy burçuny ýokarrak, haýsysyny aşagrak tutmalydygyny aýtdy. Uly gyzym onuň eşidiler-eşidilmez pyşyrdysyny begençli sesi bilen bize ýetirdi.
Şeýdip, obamyzy öýümize «göçürip getirdik». Suratymyň aşaky sag burçuna goýy ýaşyl reňk bilen ejemiň gözüniň alnynda «Ejem jana bagyşlaýaryn…» diýip ýazdym.
Orazgül GURBANOWA.