Russiýaly meşhur ozalky tennisçi, 5 “Uly tuwulga” kubogynyň eýesi Mariýa Şarapowa hem-de ýanýoldaşy Aleksander Gilksiň (britaniýaly işewür) ogullary dünýä indi. Oňa Teodor diýip at goýdular. Şarapowa bu barada öz “Instagram” hasabynda habar berdi. Ol ýanýoldaşy bilen bäbekleriniň suratyny paýlaşyp, oňa Teodor adyny dakandyklaryny mälim etdi.