Her bir halkyň medeniýeti milletiň däp-dessurlaryny, edim-gylymlaryny, medeni gymmatlyklaryny özünde jemleýär. Ýurdumyz häzirki wagtda milli medeniýeti bilen bütin dünýäde tanalýar. Munuň şeýledigine daşary ýurtlarda Türkmenistanyň medeniýet hepdeliginiň, halkara derejesinde sanly ulgam arkaly medeni forumlaryň geçirilmegi, daşary ýurtlarda milli medeniýetimizi açyp görkezýän sergileriň guralmagy aýdyň şaýatlyk edýär. Milli medeniýetimizi kämileşdirmekde, geljek nesillere ýetirmekde, ýurdumyzda Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda alnyp barylýan beýik işleriň waspyny ýetirmekde, baýramçylyklaryň hem-de şanly seneleriň şatlyk-şowhunyny artdyrmakda medeniýet-sungat ussatlarynyň, döredijilik işgärleriniň aýratyn uly hyzmatlarynyň bardygyny bellemek gerek. Ýakynda biz Köneürgenç etrap medeniýet merkeziniň direktory Gurbanbibi Annaýewa bilen söhbetdeş bolup, etrabymyzda medeniýet ulgamynda alnyp barylýan işler barada gürrüň bermegini haýyş etdik.

– Siz köp ýyl­lyk iş tej­ri­be­si bo­lan me­de­ni­ýet iş­gä­ri hök­mün­de ta­nal­ýar­sy­ňyz. Söh­bet­deş­li­gi­mi­ziň ba­şy­ny bu ul­gam­da nä­çe wagt bä­ri zäh­met çek­ýän­di­gi­ňiz ba­ra­da­ky gür­rüň bi­len baş­la­ýa­lyň!
– Me­niň me­de­ni­ýet ul­ga­myn­da zäh­met çe­kip ýö­re­ni­me otuz ýyl­dan gow­rak wagt bol­dy. Kö­ne­ür­genç et­rap me­de­ni­ýet bö­lü­min­de dür­li we­zi­pe­ler­de zäh­met çe­kip gel­ýä­rin. Arkadagly Serdarymyzyň baştutanly­gyn­da ýur­du­my­zyň beý­le­ki pu­dak­la­ry bi­len bir ha­tar­da me­de­ni­ýet ul­ga­myn­da hem ägirt uly iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Biz me­de­ni­ýet-sun­gat iş­gär­le­ri­ne mil­li me­de­ni­ýe­ti­mi­zi dün­ýä ta­nat­ma­gy­myz üçin äh­li müm­kin­çi­lik­ler dö­re­dil­ýär. Kö­ne­ür­genç et­rap me­de­ni­ýet merkeziniň iş­gär­le­ri hem döw­le­ti­miz ta­ra­pyn­dan dö­re­dil­ýän şert­ler­den peý­da­la­nyp, dö­re­di­ji­lik­li zäh­met çek­ýär­ler.
– Kö­ne­ür­genç et­rap me­de­ni­ýet merkezin­de he­re­ket ed­ýän bö­lüm­ler, ola­ryň iş aý­ra­tyn­lyk­la­ry ba­ra­da gür­rüň be­räý­se­ňiz?
– Kö­ne­ür­genç et­rap me­de­ni­ýet merkezi 16-njy oba me­de­ni­ýet öýü­ni, 1-nji ki­tap­ha­na­ny, 4 sa­ny ki­tap­ha­na şa­ham­ça­sy­ny, ça­ga­lar sun­gat mek­de­bi­ni, halk teatr bö­lü­mi­ni öz içi­ne al­ýar. Äh­li bö­lüm­le­ri­mizde 150-ä go­laý adam zäh­met çek­ýär. Biz me­de­ni­ýet iş­gär­le­ri öz ter­tip­na­ma­my­za la­ýyk­lyk­da et­ra­by­myz­da, we­la­ýa­ty­myz­da ge­çi­ril­ýän baý­ram­çy­lyk çä­re­le­ri­ne özü­mi­ziň tä­ze aý­dym-saz çy­kyş­la­ry­myz bi­len gat­naş­ýa­rys. Biz di­ňe bir aý­dym-saz sun­ga­ty bi­len meş­gul­lan­man, eý­sem, oba ýer­le­rin­de eli çe­per ze­nan­la­ry­myz bi­len ýy­gy-ýy­gy­dan du­şu­şyp, ke­çe bas­mak, gaý­ma ga­ýa­mak, ha­ly-pa­las do­ka­mak we beý­le­ki el iş­le­ri ba­ra­da söh­bet­deş­lik ge­çi­rip, te­le­ra­dio­ýaý­lym­la­ryň üs­ti bi­len hal­ky­my­za ýe­tir­ýä­ris. Şo­nuň ýa­ly hem iş­gär­le­ri­miz Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň «Türk­me­niň Al­tyn asy­ry» at­ly bäs­le­şi­gi­niň çäk­le­rin­de ge­çi­ril­ýän «Ýaň­lan, Di­ýa­rym!», «Çal­sa­na, bag­şy!» we beý­le­ki bäs­le­şik­le­re gat­na­şyp, öz ukyp-ba­şar­nyk­la­ry­ny gör­kez­ýär­ler. Oba­lar­da ýaş hö­wes­jeň aý­dym­çy­la­ryň, dö­re­di­ji­lik bi­len meş­gul­lan­ýan­la­ryň bar­dy­gy­ny hem bel­läp geç­mek ge­rek. Olar hem öz­le­ri­niň aý­dym-saz­ly çy­kyş­la­ry bi­len ge­çi­ril­ýän baý­ram­çy­lyk çä­re­le­ri­ne iş­jeň gat­naş­ýar­lar.
– Kö­ne­ür­genç top­ra­gy özü­niň me­de­ni­ýe­ti, sun­ga­ty, ta­ry­hy bi­len di­ňe bir ýur­du­myz­da däl, eý­sem, bü­tin dün­ýä­de ta­nal­ýar. Kö­ne­ür­genç meş­hur aý­dym­çy-sa­zan­da­la­ryň me­ka­ny. Hä­zir­ki wagt­da hem ata-ba­ba­la­ry­my­zyň sun­gat ýo­lu­ny do­wam et­di­rip gel­ýän ýaş­la­ry­my­zyň bar­dy­gy diý­seň be­gen­dir­ýär.
– Ha­wa, dog­ry bel­le­di­ňiz, Kö­ne­ür­genç top­ra­gy at ga­za­nan bag­şy-sa­zan­da­la­ryň ýa­şan ýe­ri. Şeý­le bag­şy­la­ryň ha­ta­ryn­da Ba­ýar Baý­ra­mow, Sa­pa To­ga­la­kow, Mäm­met Me­re­dow, Pir­jan Moş­şy­ýew, Ba­zar Baý­ra­mow, gy­jak­çy Mät­jan An­na­ku­ly­ýew da­gy­lar bar. Türk­men hal­ky­nyň mil­li aý­dym-saz sun­ga­ty­nyň ösü­şi­ne öz­le­ri­niň my­na­syp go­şan­dy­ny go­şan bu bag­şy-sa­zan­da­la­ryň dö­re­di­ji­li­gi, sun­gat ýo­ly hä­zir­ki wagt­da ýaş ne­sil­le­ri­mi­ze gö­rel­de mek­de­bi bol­ýar. Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de aý­dym-saz äle­min­de nus­ga­lyk yz gal­dy­ran bu bag­şy­la­ryň at­la­ry­ny gel­jek ne­sil­le­re ýe­tir­mek üçin hem uly iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Ha­ly­pa­la­ryň dur­muş ýo­ly, dö­re­di­ji­li­gi ba­ra­da söh­bet­deş­lik­ler, dö­re­di­ji­lik ag­şam­la­ry ge­çi­ril­ýär. «Mas­la­hat» ge­ňeş­li­gin­dä­ki oba me­de­ni­ýet öýü­ne Ba­ýar Baý­ra­mo­wyň ady da­kyl­dy. Ha­ly­pa­lyk de­re­je­si­ne ýe­ten bu bag­şy­la­ryň şä­girt­le­ri, ag­tyk-çow­luk­la­ry hä­zir­ki wagt­da pe­der ýo­lu­ny do­wam et­dir­ýär­ler. Mu­ňa my­sal edip Ak­ga­la oba me­de­ni­ýet öýün­de zäh­met çek­ýän Oraz Ba­ýa­ro­wy aýt­mak bo­lar. Ol hä­zir­ki wagt­da halk we est­ra­da aý­dym­la­ry bi­len giň­den ta­nal­ýar.
– Me­de­ni­ýet merkezi­niň aý­dym­çy-sa­zan­da­la­ry, folk­lor we tans to­par­la­ry he­mi­şe köp­çü­lik­le­ýin me­de­ni çä­re­ler­de yzy­gi­der­li çy­kyş ed­ýär­ler. Ýa­ňy-ýa­kyn­da hem Ma­ry we­la­ýa­tyn­da me­de­ni­ýet hep­de­li­gi ge­çi­ril­di. Me­de­ni­ýet hep­de­li­gi­ne si­ziň iş­gär­le­ri­ňiz­den gat­na­şan bar­my?
– Ýo­ka­ry gu­ra­ma­çy­lyk de­re­je­sin­de ge­çi­ri­len me­de­ni­ýet hep­de­li­gi­ne me­de­ni­ýet merkezi­mi­ziň tans­çy­sy Sol­tan­gül Gul­ma­no­wa gat­naş­dy. Ýur­du­my­zyň äh­li we­la­ýat­la­ry­nyň we Aş­ga­bat şä­he­ri­niň me­de­ni­ýet-sun­gat us­sat­la­ryn­dan yba­rat bo­lan dö­re­di­ji­lik to­par­la­ry­nyň, ýa­zy­jy-şa­hyr­la­ryň, ar­tist­le­riň, su­rat­keş­le­riň gat­naş­ma­gyn­da ge­çi­ri­len bu me­de­ni fo­rum bi­rek-bi­rek bi­len tej­ri­be alyş­ma­ga, me­de­ni­ýet-sun­gat iş­gär­le­ri­niň dö­re­di­ji­lik us­sat­ly­gy­ny ös­dür­mä­ge, ýaş ze­hin­le­ri ýü­ze çy­kar­ma­ga, oba me­de­ni­ýet öý­le­ri­niň hem-de öý muzeý­le­ri­niň işi­ni kä­mil­leş­dir­mä­ge ýar­dam ber­di. Şu ýer­de me­de­ni­ýet ul­ga­myn­da en­çe­me ýyl­lar­dan bä­ri zäh­met çe­kip gel­ýän gö­rel­de­li iş­gär­le­ri­mi­ziň bir­nä­çe­si­niň ady­ny ag­zap ge­çe­sim gel­ýär. Olar­dan Su­han Araz­me­dow, Oraz Ba­ýa­row, Aý­na­bat Ama­no­wa, Je­ren Me­re­do­wa, Çe­men­gül Gul­ma­no­wa, Hal­my­rat Sa­par­ni­ýa­zow da­gy­la­ry gör­kez­mek bo­lar. Bu iş­gär­le­ri­miz öz­le­ri­niň iş tej­ri­be­si, mil­li me­de­ni­ýe­ti­mi­zi ös­dür­mek­de, kä­mil­leş­dir­mek­de alyp bar­ýan iş­le­ri bi­len beý­le­ki­le­re nus­ga alar­lyk iş­le­ri alyp bar­ýar­lar.
– Si­ziň me­de­ni­ýet-sun­gat ul­ga­myn­da alyp bar­ýan iş­le­ri­ňiz­de uly üs­tün­lik­le­ri ar­zuw ed­ýä­ris. Ga­dam­la­ry­ňyz el­my­da­ma bat­ly bol­sun!
– Sag bo­luň! Ar­ka­dag­ly Ser­da­ry­my­zyň baştutan­ly­gyn­da biz me­de­ni­ýet-sun­gat iş­gär­le­ri­ne dö­re­di­ji­lik bi­len meş­gul­lan­mak üçin äh­li şert­ler dö­re­dil­ýär. Mu­nuň üçin hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ze ho­şal­ly­gy­my­zyň çä­gi ýok. Ýur­du­myz­da aý­dym-sa­zyň hoş owa­zy he­mi­şe ýaň­la­nyp dur­sun!

Söh­bet­deş bo­lan Gül­hu­mar HO­JAH­ME­TO­WA,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrap komitetiniň esasy hünärmeni.