5-3 hasabynda tamamlanan iki Super Kubogy duşuşygyndan soň “Bawariýa” bilen PSW nobatdaky gezek kubogy asmana göterdi. Leipsigdäki “Red Bull Arenada” “Bawariýa” topary kubogyň eýesi “Leipsigi” 5-3 hasabynda ýeňdi. Eýýäm 1-nji ýarymda 3 gol geçiren “Bawariýanyň” adyndan Musiala (14), Mane (31), Pawar (45), Gnabri (66) hem-de Sane (90+8) tapawutlandy. “Leipsigiň” gollaryny bolsa Halstenberg (59), Nkunku (77 p) hem-de Olmo (89) geçirdi. Şeýlelikde, “Bawariýa” bassyr 3-nji, umumylykda 10-njy gezek (1987, 1990, 2010, 2012, 2016, 2017, 2018, 2020, 2021, 2022) Germaniýanyň Super Kubogyny eýelemegi başardy.
Başga bir 8 goluň geçirilen oýnunda çempion “Aýaks” bilen kubogyň eýesi PSW duşuşdy. Amsterdamda oýnalan duşuşyk çekeleşikli we dartgynly geçip, eýndhowenliler 5-3 hasabynda ýeňşini baýram etdi. Guus Tiliň 32-nji, 45+2-nji, 69-njy minutlarda tapawutlanyp, het-trik eden oýnunda PSW-niň beýleki gollaryny Gakpo (65) bilen Simons (90+1) geçirdi. 78-nji minutda goragçysy (Kalwin Bassi) gyzyl kart alan “Aýaksyň” gollaryny 15-nji minutda Bergwiýn, 54-nji minutda Antoni hem-de 72-nji minutda Kudus derwezä girizdi. Şunlukda, Ruud Wan Nistelrooýyň tälimçiligindäki PSW topary bassyr 2-nji, umumylykda 13-nji gezek Niderlandlaryň Super Kubogyny (Johan Cruyff Shield) eýeläp, öz rekordyny ösdürdi (1992, 1996, 1997, 1998, 2000, 2001, 2003, 2008, 2012, 2015, 2016, 2021, 2022). “Aýaks” bolsa şu wagta çenli bu kubogy 9 gezek eýeläpdi.