350 ýyl töweregi ýyl mundan ozal Bahama adalarynyň golaýynda batan gämide galan zatlaryň üstünden baryldy. Akulalaryň we beýleki iri deňiz jandarlarynyň ýaşaýan ýeri bolan deňziň düýbünde XVII asyrdan bäri ýatan gämiden gymmat bahaly zatlar tapyldy. Tapylan zatlaryň arasynda altyn we kümüş şaýylyklar, dürli şaý-sepler, gymmatly daşlar, keramika önümleri we beýleki taryhy zatlar bar.
Ispaniýanyň iki gatly “Nuestra Senora de las Maravillas” atly gämisi 1656-njy ýylda batýar. Gäminiň jemi sekiz bölekden ybaratdygy çaklanylýan gymmatlyklarynyň köp bölegi 1990-njy ýyllaryň başyna çenli çykarylýar. Emma häzirkizaman tehnologiýasy ulanylyp, häzire çenli üstünden barylmadyk galyndylary hem tapyldy.
Açyşy amala aşyran “Allen Exploration” atly kompaniýanyň esaslandyryjysy Karl Allen bu gäminiň Bahama adalarynyň deňizçilik taryhynyň esasy simwolydygyny aýdyp, täze tapylan gymmatly zatlaryň golaýda muzeýde sergä çykaryljakdygyny mälim etdi.