Künji ýagy ilkinji gezek Müsür faraonlarynyň döwründe tebipler tarapyndan ulanylan gadymy bejeriş serişdesidir. Miladydan öňki XVI asyrda künji ýagyny almak pikiri Müsüriň iň güýçli tebiplerinden gelip çykandyr. Künji ýagy häzirki wagtda hem gündogar lukmanlary tarapyndan üstünlikli ulanylýar. Künjiniň dänesi diňe bir dermanlyk üçin ulanylman, eýsem, iýmitlik häsiýeti hem ýokary önümdir. Künjiniň tohumlary uzak wagtlap saklananda hem okislenmeýär. Ýöne adatça onuň tohumlary bir ýyldan köp wagt saklanmaýar.
Künji ýagynyň düzümini esasy düzüjiler lignanlardyr (sesamin, sesamol we sesamolin). Ýeri gelende aýtsak, künji ýagynyň bir bölegi bolan lignanlaryň esasy artykmaçlygy, olaryň esterogen işjeňliginiň bolmagy, şeýle hem rak öýjüklerine garşy göreşmek ukubyndadyr. (güýçli antioksidant häsiýetli). Ony köp peýdalanýan adamlarda döş, sowuklama kesellerinden halas edýär. Mundan başga-da, soňky döwürlerde künji ýagynyň melanomany öz içine alýan islendik rak keselini bejermäge kömek edýändigini anykladylar.
Künji ýagy bedende lipid alyş-çalşygyny amala aşyrýar. Netijede, bedeniň agramyna göniden-göni täsir edýär.
Künji ýagy kämillik ýaşyna ýeten we garry aýallar üçin hem peýdasy uludyr. Bu ýagyň az mukdary hem garmon alyş-çalşygyny kadalaşdyrýar. Göwrelilik we laktasiýa döwründe bedeniň ösümlik ýagyna bolan zerurlygy artýar we künji ýagy ony kanagatlandyrmaga kömek edýär. Iýmitde ösümlik ýaglary ýeterlik bolmasa aýallaryň döşünde we aşgazanynda ýara keselleri döreýär. Künji ýagynyň ýeterlikli bolmagy öýjükleriň garramagyny haýalladýar. Deride we dyrnaklarda döreýän agryny peseldýär.
Lukmanlaryň bellemeklerine görä, künji ýagy gan ýygnanmany gowulandyrýar, gan basyşyny kadalaşdyrýar, akyl stresinden goranmaga ýardam edýär, iýmit siňdirişi toksinlerden arassalaýar, iýmit bilen gelýän witaminleriň siňdirilişini ýokarlandyrýar.
Oguljemal BATYROWATürkmen oba hojalyk institutynyň talyby