Dünýäniň iň baý kluby hasaplanýan “Nýukasl” topary düzümini güýçlendirmegini dowam edýär. Iňlis kluby düzümine Ispaniýanyň “Real Sosiedad” toparynyň şwesiýaly hüjümçisi Aleksander Isaky goşdy. “Nýukasl” 22 ýaşly oýunçy bilen uzak möhletleýin şertnama baglaşdy. Metbugatda çykan habarlara görä, “Nýukasl” topary Isak üçin San-sebastianlylara 70+5 million ýewro berer. 2019/20 möwsüminden bäri “Real Sosiedadda” çykyş edip gelýän Isak ispan toparynda 134 oýunda 44 gol geçirdi. Isak “Real Sosiedaddan” öň “Borussiýa Dortmundda” oýnapdy. Ol “Willem II” toparynda-da kärendesine çykyş edipdi.