Ýa­zy­na, tom­su­na we güý­zü­ne sy­ýa­hat et­mek üçin iň go­wy ada­ty däl se­ýil­gäh­le­riň bi­ri hem Hy­ta­ýyň gün­do­ga­ryn­da­ky Jiang­su we­la­ýa­ty­nyň Ýangz­hou şä­he­ri­niň Lu­ýan kö­lün­dä­ki agaç­ly se­ýil­gäh­dir. 1530 gek­ta­ra go­laý eko­lo­gik meý­da­ny bo­lan Ýangz­hou şä­he­ri köp san­ly der­ýa­la­ry, ba­lyk­ly ho­wuz­la­ry, ta­gam­la­ry, guş­la­ryň we haý­wan­la­ryň köp­dür­lü­li­gi bi­len ta­nal­ýar.
Lu­ýan kö­lün­dä­ki se­ýil­gä­hiň esa­sy aý­ra­tyn­ly­gy la­bi­rint şe­ki­lin­de eki­len agaç­la­ryň düý­bün­de bir metr tö­we­re­gi çuň­luk­da­ky su­wuň bol­ma­gy­dyr. To­ka­ýyň için­dä­ki köl eme­li ýag­daý­da dö­re­dil­ýär. Eme­li se­ýil­gäh gys­ga wagt­da uly meş­hur­ly­ga eýe bo­lup, ýer­li we da­şa­ry ýurt­ly sy­ýa­hat­çy­la­ryň dynç al­mak­la­ry hem-de ge­ze­lenç et­mek­le­ri üçin «ýa­şyl meý­dan­ça» öw­rül­ýär. Bu ýe­re ýyl­da 7,5 mil­lio­na go­laý da­şa­ry ýurt­ly sy­ýa­hat­çy gel­ýär.
Se­ýil­gä­he gel­ýän­ler ga­ýyk­ly ýa-da aýak bi­len he­re­ke­te ge­ti­ril­ýän çarh­ly suw ula­gyn­da ge­ze­lenç ed­ýär­ler. Su­wuň ýü­zü­ni tu­tuş­ly­gy­na su­wo­ty bak­te­ri­ýa­la­ry tu­tup, edil ýa­şyl meý­dan­ça­da «ýü­züp bar­ýan» ýa­ly duý­gy­ny baş­dan ge­çir­ýär­siň. Mun­dan baş­ga-­da, ga­ýyk­ly bar­ýar­kaň kedr aga­jy­nyň ýa­kym­ly ysyn­dan, suw ar­ça­sy­nyň owa­dan­ly­gyn­dan, tö­we­rek­de ýü­züp ýö­ren ör­dek­le­riň we üs­tüň­den bö­küp geç­ýän ki­çi­jik lo­sos ba­lyk­la­ry­nyň he­re­ke­tin­den hem-de ke­na­ryn­da­ky ba­lyk­gu­lak­la­ryň tä­sin­li­gin­den lez­zet al­ýar­syň. Bu ýer­de py­ýa­da ge­ze­lenç et­mek üçin agaç­dan ýa­sa­lan uzyn ýo­da­lar hem bar. Su­wuň için­dä­ki to­kaý se­ýil­gä­hi su­ra­ta düş­mek üçin iň aja­ýyp ýer­le­riň bi­ri ha­sap­lan­ýar. Gy­şy­na se­ýil­gä­hiň su­wy çe­ki­lip, wagt­la­ýyn çäk­len­dir­me­ler gi­ri­zil­ýär.