«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýyly möhüm taryhy wakalara baý bolup, täze bir döwrüň – Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň başlanan ýyly hökmünde şöhratlandy. Ýurdumyz halkara maslahatlaryň, forumlaryň, sergileriň we beýleki möhüm ähmiýetli çäreleriň geçirilýän mekanyna öwrüldi. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň halkara abraýynyň barha ýokarlanýandygyndan habar berýär.
Türkmen halky asyrlarboýy arzuw edilip ýetilen mukaddes Garaşsyzlygymyzy başynyň täji hasaplaýar. Halkymyzyň agzybirlik, döwletlilik, berkararlyk baradaky eden arzuwlarynyň wysaly bolan Garaşsyzlygymyzy mukaddes saýmak, ony gözümiziň göreji dek goramak, halkymyza eçilen mizemez bagtyny dabaralandyrmak her birimiziň borjumyzdyr. Syýasatda gazanan üstünliklerimiziň iň esasysy bolan Garaşsyzlygymyzyň bize eçilen bagty barmak büküp sanardan kän. Garaşsyzlyk türkmeniň adyny Ýer ýüzüne tanatdy. Garaşsyzlyk bize täze bir ajaýyp zamanany bagyşlady. Garaşsyzlygymyza eýe bolmak bilen ykbalymyzda täze bir sahypany açdyk. Bu sahypanyň her setiri altyn harplar bilen ýazylyp, türkmen halkynyň asyrlara ýaň saljak ajaýyp hem bagtyýar durmuşynyň beýany hökmünde taryha siňer.
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllyk toýunyň barha golaýlaýan günlerinde halkymyz bu baýramy mynasyp zähmet üstünlikleri bilen garşylamaga taýýarlyk görýär.
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda günsaýyn özgerýän, ösýän Diýarymyz bu gün Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüni başdan geçirýär. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda amala aşyrylýan beýik işler Garaşsyzlygymyzyň halkymyza eçilen miweleri bolup, barha rowaçlanýar, halkymyzyň hal-ýagdaýy yzygiderli gowulandyrylyp, ýaşaýyş-durmuş derejesi has-da ýokarlandyrylýar.
Garaşsyzlyk ýyllary içinde ata Watanymyzyň bedew batly ösüşleri, durmuşymyzyň ähli ugurlarynda ýaýbaňlandyrylýan düýpli özgertmeler ýurdumyzyň berkararlygynyň, halkymyzyň röwşen geljeginiň, bagtyýar durmuşyny üpjün edýän belent ösüşleriň özboluşly badalgasydyr.
Häzirki wagtda halk hojalygynyň ähli pudaklarynda zähmet gaýnap joşýar, ildeşlerimiziň her biri naýbaşy toýumyza sowgatly barmak hyjuwy bilen döredijilikli we netijeli işleýär. Watanymyzyň sebitlerinde dürli maksatly desgalar açylyp, ulanylmaga berilýär, şanly sene mynasybetli baý many-mazmunly çäreler giň gerime eýe bolýar.
Häzirki döwürde durmuşa geçirilýän beýik işler halkymyzyň bagtyýar geljegini üpjün edýär. Ýurdumyzyň ösüşlerini has-da belende göterýär. Bu babatda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022–2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» ýurdumyzy ösdürmegiň möhüm ugurlary kesgitlendi. Şunda ykdysady ösüşlere goşant goşýan pudaklaryň sanly ulgama geçmegi esasy wezipe bolup durýar. Ýurdumyzda öndürijilikli işler alnyp barlyp, täze maksatlara ýetmegiň kesgitli ýollary işlenip taýýarlanylýar. Bu bolsa öňde durýan wezipeleriň ähmiýetini aýdyň görkezýär. Merdana halkymyz şeýle aýdyň maksatlary, asylly başlangyçlary üstünlikli amala aşyrmaga işjeň gatnaşýar.
Türkmenistan hormatly Prezidentimiziň asylly başlangyçlary bilen dünýäde millilik ýörelgesi, parahatçylyk söýüji dostlukly gatnaşyklary arkaly durnukly ösýän döwlet hökmünde tanalýar. Häzirki wagtda BMG bilen Türkmenistanyň gatnaşyklary maksada okgunlylygy hem-de anyklygy bilen tapawutlanýar. Türkmenistan BMG bilen durnukly ösüş, energetika, ulag, ekologiýa meselelerinde, demokratik ugurlary ösdürmekde işjeň hyzmatdaşlygy amala aşyrýar. Ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasy ugry bilen dünýä bileleşiginiň uzak möhletleýin maksatlaryna, halkara durnuklylygyň we howpsuzlygyň üpjün edilmegine oňyn çemeleşmegiň talaplaryna laýyklykda, döwletara gatnaşyklaryň esasynda BMG-niň Tertipnamasynyň kadalarynyň berjaý edilmegine işjeň gatnaşýandygy guwandyryjy ýagdaýdyr.
Goý, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda Garaşsyz Watanymyzyň her güni bagtyýarlyga, rowaçlyga, üstünliklere beslensin, Diýarymyzyň ykdysady kuwwaty has-da belende göterilsin.
Söhbet GURBANALYÝEW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň fakultet terapiýasy kafedrasynyň assistenti.