Şu gün Moskwada 31-nji halkara güýzki azyk sergisi – “WorldFood Moscow” öz işine başlady. Sergi 23-nji sentýabra çenli dowam eder.
“WorldFood Moscow 2022” sergisine 24 ýurtdan we Russiýanyň 54 sebitinden 700-den gowrak kompaniýa gatnaşyp, olaryň 260-dan gowragy ilkinji gezek gatnaşýar. Olaryň arasynda türkmen telekeçileri hem bar. Sergä gatnaşýanlar önümlerini 16 bölümde hödürleýärler. Serginiň tematiki bölümleri 4 günüň içinde dürli önümlerini görkezerler.
Sergi üçin düýbünden täze bir ugur bolan Kulinar marafony, ýagny aşpezlik sungatynyň bäsleşigi geçiriler. Her gün Russiýanyň aşpezler toparynyň aşpezleri sergä gatnaşyjylar üçin özboluşly tagamlary taýýarlap, myhmanlara hödürlärler. Bu ýyl, esasy sergiden başga-da, birnäçe täze ýörite formatlary hem hödürlenýär.
Programma üpjünçiligi we IT çözgütleri bilen üpjün edijiler, işewürlik netijeliligini ýokarlandyrmak üçin satyjylara innowasiýa ösüşlerini hödürleýär.
“Hemmeler üçin biznes” bölüminde ýaş öndürijiler we aýry-aýry telekeçiler önümlerini bazara hödürleýär. Organiki önümleri öndürijileriň umumy diwarlygy.