Her ýylyň 23-nji sentýabrynda dünýäde giňden bellenilýän “Üm arkaly aňlatmagyň halkara güni” 2017-nji ýylyň dekabr aýynda geçirilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň Bütindünýä kerler federasiýasynyň (WFD) Halkara üm arkaly aňlatmagyň dili (International Day of Sign Languages) baradaky kabul eden karary bilen döredildi. Üm arkaly aňlatmagyň halkara güni eşitmäge ukyby bolmadyk adamlaryň we üm arkaly hereketi ulanýanlaryň dil aýratynlygyny we medeni dürlüligini goldamak we goramak üçin ajaýyp mümkinçilikdir. Bütindünýä kerler federasiýasy dünýäde 70 milliondan gowrak eşitmäge ukyby bolmadyk adamlaryň bardygyny, olar bilen aragatnaşyk saklamak üçin üm hereketi bilen gepleşmegiň zerurdygyny belleýär. Olar 300-den gowrak üm hereketiniň dürli dillerini ulanýarlar. Maýyplaryň hukuklary baradaky konwensiýa üm arkaly hereketiň dillerini ulanmagy ykrar edýär we höweslendirýär. Bu senäniň döredilmegi dünýädäki eşitmäge ukyby bolmadyk adamlaryň durmuşynda lingwistik aýratynlygyň ösmegine ýardam berýär.
Alimuhammet Şukurow,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy