Dün­ýä bel­li elekt­rou­lag ön­dü­ri­ji kom­pa­ni­ýa­sy “Tes­la” önüm­çi­lik des­ga­la­ryn­da adam­sy­pat ro­bot ön­dür­mek is­le­ýär. Şu ýy­lyň ba­şyn­da kom­pa­ni­ýa­nyň baş­ly­gy ro­bot önüm­çi­li­gi­ni ýo­la goý­mak is­le­ýän­dik­le­ri­ni mä­lim edip­di. Kom­pa­ni­ýa­nyň in­že­ner­le­ri “Tes­la Bot” at­ly mak­sat­na­ma­nyň çäk­le­rin­de dür­li “kär­de” zäh­met çek­jek “Op­ti­mus” at­ly ro­bot­la­ry iş­läp taý­ýar­la­ýar.
Hä­zir­ki wagt­da si­ňe za­wod­lar­da iş­le­mek mak­sa­dy bi­len iş­le­nip taý­ýar­lan­ýan ro­bot­la­ryň gel­jek­de, hyz­mat­lar pu­da­gyn­da hem-de öý şert­le­rin­de iş­le­ýän gör­nüş­le­ri­niň hem ön­dü­ril­me­gi­ne ga­ra­şyl­ýar. Işe­wü­riň aýt­ma­gy­na gö­rä, ro­bot­lar ot kes­mek, na­har bi­şir­mek we has­sa­la­ra kö­mek et­mek ýa­ly iş­le­ri edip bi­ler­ler. Bi­ler­men­ler şeý­le ro­bot­la­ryň gel­jek 10 ýy­lyň do­wa­myn­da taý­ýar bol­jak­dy­gy­ny bel­le­ýär­ler.
Hä­zir­ki wagt­da za­wod-fab­rik­ler­de aw­to­mat­laş­dy­ry­lan en­jam­lar iş­çi güý­jü­ni ta­lap ed­ýän fi­zi­ki ba­bat­da kyn iş­le­ri ýe­ri­ne ýe­tir­ýär­ler. Em­ma gel­jek­de has köp işiň ro­bot­la­ryň üs­tü­ne ýük­len­me­gi­ne ga­ra­şyl­ýar.


Hy­dyr­gu­lly Ke­ri­mow, Türk­men döw­let ma­li­ýe ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by