«Evia­ti­on Aircraft» kom­pa­ni­ýa­sy bir­nä­çe ýyl­dan bä­ri üs­tün­de iş­len­ýän «Alice» at­ly elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len iş­le­ýän uça­ry­nyň il­kin­ji sy­na­gy­ny ama­la aşyr­dy. Ýo­lag­çy­la­ry gys­ga ara­ly­ga gat­nat­mak mak­sa­dy bi­len ön­dü­ril­jek bu uça­ryň do­lu­ly­gy­na elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len iş­le­ýän iki he­re­ket­len­di­ri­ji­si bar. Uçar il­kin­ji sy­na­gyn­da se­kiz mi­nut uç­dy.
Kom­pa­ni­ýa­nyň ýolbaşçysy Gre­go­ri Da­wis elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len iş­le­ýän uç­ýan tak­si­le­riň bir­nä­çe nus­ga­sy­nyň bar­dy­gy­ny, em­ma «Alice»-niň 9 orun­lyk ada­ty uçar­dy­gy­ny bel­le­ýär. Uça­ryň mun­dan ozal­ky sy­na­gy Ýer­de, ýo­ka­ry tiz­lik­de ge­çi­ri­lip­di. Uzyn­ly­gy 17 metr bo­lan uçar­da je­mi ag­ra­my 3,6 ton­na bo­lan bir­nä­çe ba­ta­re­ýa bar. Uçuş wag­tyn­da ho­wa gä­mi­si sa­gat­da 275 km/sa­gat tiz­li­ge ýet­di.
Uçuş şow­ly ge­çen hem bol­sa, en­tek bu ho­wa gä­mi­si­ni has-da kä­mil­leş­dir­me­li. Se­bä­bi, uça­ryň ba­ta­re­ýa­la­ry­nyň ag­ra­my aşa köp. Şol se­bäp­li, il­ki bi­len ba­ta­re­ýa­la­ryň ag­ra­my­ny azal­dyp, ne­ti­je­li­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­ly.

My­rat ATA­ÝEW,
Ma­ry we­la­ýa­ty­nyň Po­li­si­ýa mü­dir­li­gi­niň Baý­ra­ma­ly et­ra­by­nyň po­li­si­ýa bö­lü­mi­niň PÝWB-niň KÝÝIBB-niň mü­di­ri, po­li­si­ýa­nyň ma­ýo­ry.