Futbol taryhynyň iň ýatda galan, iň köp gürrüňi edilen gollarynyň birinde derwezä giren top satuwa çykarylar. Argentinaly merhum super ýyldyz Diego Maradonanyň Meksika 1986 Dünýä Kubogynyň çärýek finalynda Angliýanyň derwezesinden geçiren golunyň topuny şol duşuşygyň tunisli emini Ali Bin Nasser 36 ýyldan soň auksiona çykarýar. “Taňrynyň eli” ady bilen hemmäniň ýadynda galan bu goluň topy 16-njy noýabrda Londonda geçiriljek auksionda satuwa çykarylar we topuň azyndan 3 million funt sterling bahadan satylmagyna garaşylýar. 2020-nji ýylyň noýabrynda aradan çykan ägirt futbolçynyň şol duşuşyk geýen köýnekçesi-de şu ýylyň maýynda 8 million dollara satylypdy.