Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň sport ulgamyny kämilleşdirmek, türkmen sportunyň dünýädäki abraýyny belende götermek, ilaty köpçülikleýin sport bilen meşgullanmaga giňden çekmek, bedenterbiýe-sport we Olimpiýa hereketleri arkaly sagdyn durmuş ýörelgelerini has-da ýaýbaňlandyrmak babatda irginsiz aladalar edilýär.
Geçen hepde geçirilen Hökümet mejlisinde hormatly Prezidentimiziň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetini döretmek hakynda Permana gol çekmegi ýurdumyzda sporta berilýän ünsüň subutnamasy boldy.
Bu gün ýurdumyzda bedenterbiýe we köpçülikleýin sagaldyş hereketini ösdürmek arkaly beden we ruhy taýdan sagdyn nesiller kemala gelýär. Sagdyn bedende sagdyn ruh bar. Saglyk bolsa sportdan, hereketden gözbaş alýar. Sport bilen yzygiderli meşgullanýan ýaşlar saglygyny berkitmekden başga-da akyl we fiziki işjeňligini ösdürýärler. Sport adamda aýratyn bir gözellik döredip, gujur-gaýraty köpeldýär. Şonuň üçin hem bu günki günde sport ýaşlaryň hemrasyna öwrülýär.
Ýaşlaryň diňe bir ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly däl, eýsem, sagdyn, berk bedenli nesiller bolup ýetişmekleri üçin ähli şertler, mümkinçilikler döredilýär. Türkmen türgenlerimiz şol mümkinçiliklerden netijeli peýdalanyp, bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanýarlar hem-de ýurdumyzdaky we halkara derejesindäki dürli görnüşli sport ýaryşlaryna gatnaşyp, ata Watanymyzyň at-abraýyny, şan-şöhratyny dünýä ýaýýarlar. Halkara derejesindäki sport ýaryşlaryndaky ýeňişli, şatlykly habarlaryň yzygiderli gelip durmagy ýurdumyzyň sport abraýynyň has-da belende galýandygynyň subutnamasydyr.
«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda türkmen türgenleri iri sport ýaryşlaryna, şol sanda Aziýa we dünýä çempionatlaryna gatnaşyp, baýrakly orunlary eýelediler. Çempion bolup hormat münberine çykýan türgenlerimiziň sany barha artýar. Şol ýaryşlarda dürli görnüşli medallara mynasyp bolýanlaryň arasynda sportuň olimpiýa görnüşlerine wekilçilik edýän türgenleriň hem az däldigini aýratyn bellemek gerek. Olaryň her bir ýaryşa ykjam taýýarlanmagy üçin döredilýän mümkinçilikleriň netijesinde, türgenlerimiz abraýly ýaryşlardan ýeňiş bilen dolanýarlar.
Türkmenistanyň başlangyjy esasynda, Birleşen Milletler Guramasynyň senenamasynda dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan her ýylyň 3-nji iýunynyň Bütindünýä welosiped güni hökmünde bellenilmegi türkmen döwletiniň ählumumy ösüşiň, parahatçylygyň we rowaçlygyň bähbitlerine gönükdirilen sport diplomatiýasyny dabaralandyrdy. Türkmenistan köpçülikleýin bedenterbiýäni, Olimpiýa hereketini hem-de sport medeniýetini ösdürmek bilen, sport äleminde uly abraýa eýe bolan ýurt hökmünde giňden tanalýar. Köptaraplaýyn durnukly ösüşler Türkmenistany iri sport çärelerini ýokary derejede guramaga hem-de geçirmäge ukyply döwletleriň hataryna ynamly goşdy hem-de sport arkaly parahatçylygy rowaçlandyrmaga täze mümkinçilikleri açdy.
Azamat JUMAMURADOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.