UEFA Çempionlar Ligasynda toparçalardaky duşuşyklar tamamlandy. Şunlukda 1/8 finala çykan 16 klub hem belli boldy.

6-njy duşuşyklarda jemi 56 gol geçirilip, biri golsuz 2 oýun deňlikde tamamlandy. 7 duşuşykda ýer eýeleri, 7 duşuşykda-da myhmanlar ýeňiş gazandy. Bu tapgyrda iňlis klublarynyň 4-si hem garşydaşlaryndan üstün çykdy. Nemes, ispan hem-de portugal klublarynyň 2-si, italýan we fransuz toparlarynyň 1-i ýeňiş gazandy.

“E” toparçada “Çelsi” öz meýdançasynda “Dinamo Zagrebi” garşydaşlarynyň 1-0 öňe geçendigine garamazdan, Sterling we Zakariýanyň gollary esasynda 2-1 ýeňdi. “Milan” bolsa “San Siroda” “Salsburg” toparynyň derwezesinden jogapsyz 4 gol geçirdi. Duşuşykda 2 gol geçirip, 2 goluň pasyny beren 36 ýaşyndaky Oliwie Žiru bu görkezijiler bilen rekord goýdy. Utugyny 10-a ýetiren “Milan” 8 ýyldan soň 2-nji tapgyra çykmagy başardy.

“F” toparçada “Real Madrid” öz meýdançasynda “Seltigi” 5-1 ýeňdi. Fransiýaly zenan emin Frapparyň ilkinji 35 minutda 3 penalti bellän duşuşygynda ýer eýeleriniň gollaryny Modriç, Rodrigo, Asensio, Winisius hem-de Walwerde geçirdi. 37 ýaşyndaky Modriç UÇL-de penaltiden tapawutlanan iň ýaşuly futbolçy boldy. Bir penaltini dürs urup bilmedik “Seltik” toparynyň ýeke-täk goluny 84-nji minutda Žota derwezä girizdi. “Şahtýor Donesk” bilen “Leipsigiň” arasynda oýnalan duşuşykda nemes kluby 4-0 hasabynda ýeňiş gazandy. Bu ýeňişden soň utugyny 12-ä çykaran Leipsig 5-nji gezek gatnaşýan ýaryşynda 3-nji gezek 1/8 finala adyny ýazdyrdy.

“G” toparçada “Mançester Siti” topary “Sewilýany” 3-1 ýeňip, toparçalardaky duşuşyklaryny ýeňlişsiz tamamlady. Duşuşykda iňlis klubunyň 1-nji goluny geçiren Riko Lýuwis (17 ýaş 346 gün) UÇL-de esasy düzümde meýdança çykyp gol geçiren iň ýaş futbolçy rekordyny 6 günlük aratapawut bilen Karim Benzemadan (17 ýaş 352 gün) almagy başardy. Öz meýdançasynda “Borussiýa Dortmund” bilen 1-1 deňme-deň oýnan “Kopengagen” topary şu möwsümdäki ilkinji goluny geçirdi.