Mas­ga­ra­baz­lar 200 ýyl­dan gow­rak wagt bä­ri ede­bi eser­ler­de, teatr­lar­da hem-de film­ler­de tä­sin keşp­le­ri ýe­ri­ne ýe­tir­ýär­ler. Ýüz keş­bi, egin-eşi­gi, ada­ty däl he­re­ket­le­ri bi­len köp­çü­li­giň ün­sü­ni çek­ýän mas­ga­ra­baz­lar ça­ga­la­ryň dog­lan gü­nü­ne, da­ba­ra­la­ra şat­lyk paý­la­ýan gah­ry­man hök­mün­de ta­nal­ýar. «Mas­ga­ra­baz» adal­ga­sy il­kin­ji ge­zek 1560-njy ýyl­lar­da ýü­ze çyk­ýar. Şol ýyl­lar­da akt­ýor­lar ak far­for pal­çy­gy ýü­zü­ne ça­lyp, to­ma­şa­çy­la­ry gül­dü­rip­dir­ler. Köp dil­de ýör­gün­li bo­lan «kloun» sö­zü­niň is­land­la­ryň «klun­ni» sö­zün­den ge­lip çy­kan­dy­gy aý­dyl­ýar.
1947-nji ýyl­da mas­ga­ra­baz­la­ryň hal­ka­ra bir­leş­me­si dö­re­dil­ýär. On­dan öň «Sirk mas­ga­ra­baz­la­ry­nyň klu­by» diý­lip at­lan­dy­ry­lan bu bir­leş­me bir­nä­çe ýy­lyň için­de uly meş­hur­ly­ga eýe bol­ýar. Mag­lu­mat­la­ra gö­rä, il­kin­ji meş­hur mas­ga­ra­baz Jo­zef Gri­mal­di ha­sap­lan­ýar. Ol 1802-nji ýyl­da Ang­li­ýa­da sah­na çy­kyp, «Joý» ady bi­len çy­kyş ed­ýär. De­giş­me­le­ri hem-de gül­künç he­re­ket­le­ri ýe­ri­ne ýe­ti­ren Gri­mal­di ýüz bo­ýag­la­ry, ge­ýen eşi­gi bi­len to­ma­şa­çy­la­ryň ün­sü­ni özü­ne çek­ýär. Şon­dan soň­ra teatr ar­tist­le­ri­niň ara­syn­da ýa­ňa­gy­ňy gy­zyl, sa­çy­ňy älem­go­şa­ryň­ky ýa­ly reňk­le­mek, bur­nu­ňa ul­la­kan şar geý­mek, ag­zy­ňy bo­ýa­mak hem-de dür­li reňk­li eşik­le­ri geý­mek ýör­gün­li bo­lup baş­la­ýar. 1892-nji ýyl­da Ita­li­ýa­da mas­ga­ra­baz­la­ryň il­kin­ji ope­ra­sy gör­ke­zil­ýär.
Mas­ga­ra­baz­lar di­ňe bir sah­na eser­le­rin­de çy­kyş et­män, eý­sem, çe­per eser­ler­de, film­ler­de hem gül­künç we gor­kunç keşp­le­ri jan­lan­dyr­ýar­lar. Mu­ňa my­sal edip, Sti­wen Kin­giň «IT» ro­ma­nyn­da­ky «Pen­ny­wi­se» at­ly gah­ry­ma­ny gör­kez­mek bo­lar. Çar­lz Çap­li­n hem «ki­çi­jik ser­gez­dan» keş­bi ar­ka­ly ki­no­film­ler­de tä­ze bir ob­raz dö­red­ýär. Ol geý­ni­şi, aýak he­re­ket­le­ri we ýüz he­re­ket­le­ri bi­len to­ma­şa­çy­lar­da uly tä­sir gal­dyr­ýar. Hä­zir­ki za­man mas­ga­ra­baz­la­ry­nyň däp bo­lan ýö­rel­ge­le­ri ge­çen asy­ryň meş­hur teatr şü­we­leň­le­rin­den (Varie­te) göz­baş al­ýar. Mas­ga­ra­baz­la­ryň iň uly ýyg­na­gy 1991-nji ýyl­da Ang­li­ýa­nyň Bog­nor Re­gis şä­he­rin­de ge­çi­ri­lip, oňa 850 tö­we­re­gi mas­ga­ra­baz gat­naş­ýar. Her ýy­lyň 5-nji no­ýab­ryn­da mas­ga­ra­baz­la­ryň hal­ka­ra bir­leş­me­si­niň gu­ra­ma­gyn­da dün­ýä­niň dür­li ýer­le­rin­de mas­ga­ra­baz­la­ryň hü­när baý­ra­my bel­le­nil­ýär. Sah­na­da uzak wagt­lap çy­kyş eden mas­ga­ra­baz is­pa­ni­ýa­ly Çar­li Ri­wel ha­sap­lan­ýar. Ol 3 ýa­şyn­dan baş­lap, 82 ýa­şy­na çen­li öz hü­nä­ri­ni to­ma­şa­çy­la­ra gör­kez­ýär.