Da­şyn­dan gö­räý­mä­ge aýy ýa-da ul­la­kan gemriji ýa­ly­dyr. Be­de­nin­dä­ki aý­ra­tyn­lyk­la­ra se­re­de­niň­de koa­la hem meň­ze­ýär. Şeý­le meň­zeş­lik­le­re ga­ra­maz­dan, wom­bat Awst­ra­li­ýa­da ýa­şa­ýan en­de­mik jan­dar bo­lup, süý­dem­di­ri­ji­le­riň hor­da­ly­lar ti­pi­ne gir­ýär. Be­de­ni­niň uzyn­ly­gy 70-130 san­ti­met­re, ag­ra­my 20-45 ki­log­ra­ma ýet­ýän bu jan­dar­ äpet göw­re­si bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Ul­la­kan kel­le­li, ça­lym­tyl-go­ňur sü­tük­li, ki­çi­jik göz­li bu jan­da­ryň kel­te­jik guý­ru­gy bar. Sa­gat­da 40 ki­lo­metr tiz­lik bi­len yl­gap bil­ýän wom­ba­tyň bäş bar­ma­gy­nyň dör­dü­si ýi­ti dyr­nak­ly bo­lup, ony ýer gaz­mak­da peý­da­lan­ýar­. Bu jan­da­ryň gör­şi pes­räk bo­lup, eşit­mek we ys al­mak duý­gu­sy has ösen­dir. Howp­lar­dan go­ran­mak üçin çalt­lyk bi­len aga­ja çy­kyp, su­wa çü­müp hem-de yl­gap bil­ýär. «Tu­nnel ga­zy­jy­lar» ady­ny alan bu jan­dar­lar ul­la­kan hin­le­ri gaz­ýar­lar we howp aba­nan ýag­da­ýyn­da hi­ni­niň ag­zy­ny gum bi­len ýa­pyp goý­ýar­lar. Wom­bat­lar gün­di­zi­ne ga­çy­ba­tal­ga­lar­da dynç alyp, gi­je­si­ne awa çyk­ýar­lar. Ola­ryň esa­sy iý­mi­ti ot­la­ryň ter ýap­ra­gy bo­lup, kä­wagt ösüm­ligiň kök­le­ri, kö­me­lek­dir mi­we­ler bi­len hem iý­mit­len­ýär­ler. Geň gal­ma­ly ýe­ri, bu­la­ryň iý­mit alyş-çal­şy­gy ga­ty ha­ýal bo­lup, iý­mit siň­dir­mek üçin 14 gün ga­raş­ýar­lar. Wom­bat dü­ýe­den soň suw­suz­ly­ga iň çy­dam­ly süý­dem­di­ri­ji ha­sap­lan­ýar.
Wom­bat­lar ir­ki süý­dem­di­ri­ji­le­riň bi­ri bo­lup, Awst­ra­li­ýa­nyň gün­do­gar we gü­nor­ta se­bit­le­rin­de, Wik­to­ri­ýa, Tä­ze Gü­nor­ta Uels, Kwins­lend we Tas­ma­ni­ýa ştat­la­ryn­da dür­li te­bi­gy şert­ler­de ýa­şa­ýar­lar. Awst­ra­li­ýa­nyň kä­bir fer­ma­la­ryn­da bu «utan­jaň jan­dar­lar» öý haý­wan­la­ry hök­mün­de hem sak­lan­ýar­lar.

Wom­bat ba­ra­da gy­zyk­ly mag­lu­mat­lar:

Eger howp dö­re­se, özü­ni kel­le­si bi­len süs­mek ar­ka­ly go­ra­ýar.
Wom­bat­la­ryň hem ken­gu­ru­la­ryň­ky ýa­ly ça­ga gö­ter­ýän hal­ta­jy­gy bar.
«Tu­nnel ga­zy­jy­lar» uzyn­ly­gy 20 met­re, ini 3 met­re ýet­ýän ýe­ras­ty hinleri gu­rup, maş­ga­la bo­lup ýa­şa­ýar­lar.
Ola­ryň iý­mit siň­dir­me­gi üçin 14 gün ge­rek. Wom­bat uzak wagt­lap iý­mit siň­dir­me­gi bi­len ta­pa­wut­lan­ýan ýe­ke-täk jan­dar bolup, her gün 22 ml suw bi­len oňup bil­ýär­.
Wom­ba­tyň iň ýa­kyn «ga­ryn­da­şy» koa­la ha­sap­lan­ýar.
Wom­ba­tyň ba­ry-ýo­gy 4 di­şi bar: ýo­kar­ky äňin­de 2, aşa­ky äňin­de 2 sa­ny.
Tä­ze Gü­nor­ta Uels şta­tyn­da bu jan­da­ryň ady­ny gö­ter­ýän Wom­bat şä­he­ri bar.