Moto GP boýunça 2023-nji ýylyň çempiony möwsümiň iň soňky bäsleşiginde belli boldy. Möwsümiň soňky ýaryşy Ispaniýanyň Walensiýa şäherinde geçirildi. Rikardo Tormonyň adyny göterýän trassada geçirilen ýaryşda 8-nji orny eýelän “Ducati Lenovo” toparynyň italýan sürüjisi Françesko Banaia çempion bolmagy başardy. Bu ýaryşda 8 utuk gazanyp, utuklarynyň sanyny 265-e ýetiren Banaia karýerasy boýunça ilkinji gezek Moto GP-de çempion boldy. 25 ýaşyndaky sürüji geçen ýylyň çempiony we sanawda 2-nji ýerdäki fransiýaly Fabio Kuartararodan 17 utuk öňe saýlandy. “Monster Energy Yamaha” toparynyň sürüjisi Kuartararo soňky ýaryşda 4-nji orny eýelese-de, bu oňa çempionlyk üçin ýeterlik bolmady. Şunlukda, Banaia Moto GP-de çempion bolan 29-njy sürüji, şol sanda 7-nji italiýaly pilot hökmünde hasaba alyndy. Moto GP-de Kuartararo möwsümi 2-nji, “Ducati Gresini Racing” toparynyň italýan sürüjisi Enea Bastianini (219 utuk) 3-nji orunda tamamlady. Şu möwsümde Banaia 7, Kuartararo 3, Bastianini 4 ýaryşda ýeňiş gazandy.

Walensiýa “Gran Prisinde” “Suzuki Ecstar” toparynyň ispaniýaly sürüjisi Aleks Rins ýeňiş gazanyp, bu onuň şu möwsümdäki 2-nji, karýerasyndaky 5-nji ýeňşi boldy. Ol 27 aýlawy 41 minut 22,250 sekuntda geçmegi başardy. Ýaryşda 2-nji ýeri “Red Bull KTM” toparynyň Günorta afrikaly sürüjisi Bred Baýnder 2-nji, “Ducati Pramac Racing” toparynyň ispan sürüjisi Horge Martin 3-nji orny eýeledi.