“Nintendo Switch” atly oýun konsolynyň satuwy 114 milliondan geçdi. 2017-nji ýylyň 3-nji martynda satuwa çykarylan enjam gysga wagtda ýokary islegden peýdalanypdy. Häzirki wagtda kompýuter oýunlaryny oýnamak üçin hödürlenen “Xbox” we “Playstation” enjamlary “Nintendo”-nyň esasy bäsdeşleri bolup durýar.
“Nintendo” kompaniýasy maliýe ýylynyň altynda satuwyny 5 göterim artdyryp, 4,5 milliard dollara ýetirendigini mälim etdi. Ýapon kompaniýasy alty aýyň dowamynda 3,53 million “Nintendo Switch OLED” we 2,23 million “Nintendo Switch” satylandygyny habar berdi. Kompaniýa geljek ýylyň 31-nji martynda tamamlanýan maliýe ýylynyň ahyryna çenli ýene-de 19 million oýun enjamyny satmagy meýilleşdirýär. Şeýlelikde, 117,2 milliony müşderilere ýetirilen “PlayStation 4”-den ozdurar.
Kuwwat Muhammetgulyýew, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby
PDF








