Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzyň baş şäherini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, gurulýan desgalarda milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribesini utgaşdyrmak we paýtagtymyzyň durmuş düzümini kämilleşdirmek işlerine uly ähmiýet berilýär.
Merjen paýtagtymyz binagärlik keşbi, sazlaşyklylygy we ajaýyplygy bilen haýran galdyrýar. Aşgabat dünýäniň owadan we ýaşaýyş üçin amatly şertleri özünde jemleýän şäherleriniň hatarynda eýeleýän ornuny barha pugtalandyrýar. Ýurdumyzyň baş şäheriniň birnäçe desgalary binagärlik çözgütlerine eýe bolan özboluşlylygy bilen ençeme gezek Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi.
Häzirki wagtda Köpetdagyň etegindäki ajaýyp ýerlerde birnäçe binagärlik toplumlary gurlup, ulanmaga berildi. Bu desgalar Köpetdagyň etegindäki tebigy aýratynlyklar bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirilip, olaryň taslamalary taýýarlananda häzirki zamanyň ösen tejribelerinden, milli binagärlik ýörelgelerinden we özboluşly tebigy aýratynlyklardan ugur alynýar hem-de ekologiýa meselelerine möhüm ähmiýet berilýär.
Şunuň bilen baglylykda, paýtagtymyzyň günorta böleginde sil suwlaryny sowujy desgalar toplumyny ulanmaga bermek dabarasy boldy. Daşky gurşawy goramak, tebigata aýawly garamak, tebigy serişdeleri netijeli we rejeli peýdalanmak, geljek nesiller üçin onuň gözelligini, baýlygyny gorap saklamak döwlet Baştutanymyzyň amala aşyrýan ösüş strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biridir.
Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň martynda gol çeken Kararyna laýyklykda, Aşgabat şäheriniň häkimligi paýtagtymyzyň sil suwlaryndan goralmagyny mundan beýläk-de güýçlendirmek maksady bilen, Russiýa Federasiýasynyň «Wozroždeniýe» önümçilik birleşigi» paýdarlar jemgyýeti bilen sil suwlaryny sowujy desgalar toplumyny gurmak hakynda şertnama baglaşdy.
Bu döwrebap desgalar toplumynyň jemi uzynlygy 49 kilometre barabardyr. Bu döwrebap desgalar toplumy suw saklaýjy açyk howuzlary, köprüleri, suw sorujy beketleri, 34 kilometrden gowrak beton bilen berkidilen kanallary, 8 kilometrden gowrak turba geçirijileri we beýleki inženerçilik ulgamlaryny öz içine alýar.
Ak mermerli Aşgabatda öz gerimi boýunça täsin sil suwlaryny sowujy desgalar toplumy birnäçe möhüm şahadatnamalara hem mynasyp boldy. Bu hem desganyň iňňän uly ähmiýete eýe bolup, döwrebap inženerçilik ulgamlaryny özünde jemleýändigi bilen tapawutlanýar. Bu taslama Russiýanyň «Sewkawgiprowodhoz» hem-de Türkmenistanyň «Türkmensuwylmytaslama» taslama institutlarynyň, Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Seýsmiki durnukly gurluşyk ylmy-barlag institutynyň hünärmenleriniň bilelikdäki işleriniň netijesidir. Bu işleriň deňi-taýynyň ýokdugy Russiýanyň hem-de Türkmenistanyň köp sanly ylmy bileleşikleri tarapyndan tassyklanyldy we degişli güwänamalar bilen berkidildi.
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi günsaýyn özgerip, özünde jemleýän döwrebap desgalary bilen haýran galdyrýar. Köpetdagyň eteginde ýerleşen ak mermerli paýtagtymyzyň geografik ýagdaýyny nazara alanyňda, ol sil suw akymlarynyň geçýän zolagynda ýerleşýär. Şunuň bilen baglylykda, bu desgalar toplumynyň işe girizilmegi paýtagtymyzyň inženerçilik-kommunikasiýa ulgamyny halkara ülňülere laýyk getirmäge, birnäçe meseleleri, hususan-da, sil suwlaryny sowmak, sil akabalaryny hem-de golaýdaky çäkleri sil suwundan goramak boýunça wezipeleri çözmäge mümkinçilik berer. Ulanmaga berlen sil suwlaryny sowujy desgalar toplumy innowasion inženerçilik-tehniki taslamadyr. Onuň täsinligi desgalaryň düzümleýin gurluşynyň ulgamyndan, Köpetdagyň eteginiň tebigy howa, düzümleýin-tektonik hem-de inženerçilik-geologik şertleriniň täsinligini nazara almak bilen gurlan sil sowujy desgalaryň ýerleşişinden ybaratdyr.
Hemra KAKAJANOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň kafedra müdiri,
uly mugallymy.