Fran­si­ýa sy­ýa­hat­çy­lyk ba­bat­da öň­de­ba­ry­jy ýurt­la­ryň bi­ri bo­lup, bir­nä­çe bi­na­gär­lik gur­lu­şy bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Meş­hur Eý­fel di­ňi, Mon-Sen-Mi­şel ga­la­sy, Şam­bor köş­gi, Že­ne­wa kö­lü­niň ke­na­ry, dün­ýä­niň «atyr paý­tag­ty» Gras­ şä­he­ri, Li­on hem-de Stras­burg ta­ry­hy şä­her­leri, Şa­moni ly­ža şy­pa­ha­na­sy, Wer­sal la­bi­rint ba­gy sy­ýa­hat­çy­la­ryň iň ge­lim-gi­dim­li ýer­le­ri­dir. Fran­suz ins­ti­tu­ty bi­len Luw­ruň mer­ke­zi meý­dan­ça­sy­ny bir­leş­dir­ýän «Pont des Arts» py­ýa­da köp­rü­si hem uly meş­hur­ly­ga eýe­dir. Se­na der­ýa­sy­nyň üs­tün­den geç­ýän bu köp­ri 1802-1804-nji ýyl­lar ara­ly­gyn­da gu­rul­ýar. «Sun­gat köp­rü­si» ady­ny alan py­ýa­da ge­çel­ge­si şol dö­wür­de gur­lan il­kin­ji me­tal köp­ri bo­lup­dyr. 1975-nji ýyl­da Fran­si­ýa­nyň mil­li ta­ry­hy ýa­dy­gär­lik­le­ri­niň ha­ta­ry­na go­şu­lan bu köp­ri sun­gat ser­gi­le­ri­niň me­ka­ny­na öw­rül­ýär. 1991-nji ýyl­da ÝU­NES­KO-nyň Bü­tin­dün­ýä mi­ra­sy­nyň sa­na­wy­na gi­ri­zil­me­gi bi­len sun­gat köp­rü­si­niň meş­hur­ly­gy has-da ar­typ baş­la­ýar.
2008-nji ýyl­da ýaş ja­han­keş­de­le­riň ara­syn­da öz at­la­ry ýa­zy­lan gulp­la­ry sun­gat köp­rü­si­ne da­kyp, aça­ry­ny Se­na der­ýa­sy­na ok­la­mak dä­bi baş­lan­ýar. Fran­suz me­de­ni­ýe­tin­de beý­le däp bol­ma­sa-da, şon­dan soň­ra bu des­sur we­pa­ly söý­gi­niň ala­ma­ty ha­sap­la­nyp baş­lan­ýar. Ja­han­keş­de­le­riň köp san­ly­sy­nyň Fran­si­ýa sy­ýa­hat et­me­gi bi­len gulp­la­ryň sa­ny 700 müň­den hem geç­ýär. Bu ýag­daý es­te­ti­ki gö­zel­li­gi dö­re­dip, 2014-nji ýyl­dan soň köp­rä gulp as­mak däl-de, sel­fi düş­mek ýör­gün­li däbe öwrülýär.
Fo­to­su­rat­çy­la­ryň we su­rat­keş­le­riň pa­no­ra­ma­sy­na öw­rü­len sun­gat köp­rü­si bir­nä­çe çe­per eser­ler­de, hat­da ki­no­film­ler­de hem uly orun al­dy. «Sun­gat köp­rü­si» he­ka­ýa­sy esa­syn­da su­ra­ta dü­şü­ri­len film­de (2004ý.), «Sab­ri­na» fil­mi­niň (1995ý.) soň­ky sah­na­syn­da, Gol­li­wu­dyň «Hä­zir me­ni gö­rer­siň» fil­min­de (2013ý.) sun­gat köp­rü­si­ni meş­hur­ly­gy gör­ke­zil­ýär.