Katarda dowam edýän Dünýä Kubogy ýaryşynda 1/8 finalda Marokkodan penaltileriň netijesinde utulan Ispaniýanyň ýygyndysynyň tälimçisi çalşyldy. Federasiýa 52 ýaşly Luis Enrikä bitiren hyzmatlary üçin köp sagbolsun aýdyp, onuň bilen şertnamasyny ýatyrdy. Berlen beýanatda tälimçiniň ýygyndy üçin ozal tassyklanan täze taslama oňaýly goşan goşandygy, toparyň oýunçylarynyň ýaşynyň kiçelendigi, ýagny ýaş oýunçylaryň köpdügi, şol sanda Milletler Ligasynda 3 gezek final tapgyryna çykylandygy, EURO 2020-de hem ýarym finala barylandygy bellenilýär. Luis Enrike Ispaniýanyň ýygyndysy ilki 2018-nji ýylyň iýulynda wezipä bellenipdi. Gyzjagazynyň saglyk ýagdaýy sebäpli wagtlaýynça (2019-njy ýylyň martynda) tälimçiligi goýan Enrike 2019-njy ýylyň noýabrynda täzeden wezipesinde dolandy. Euro 2020-de Ispaniýany ýarym finala çykaran Enrike milli topara jemi 47 oýunda tälim berdi. 26 oýunda ýeňiş gazanyp, 7 duşuşykda asgyn gelen Enrike 14 duşuşykda deňme-deň oýnady.
Ispaniýanyň futbol federasiýasy 52 ýaşyndaky Luis Enrikeniň ornuna onuň atdaşyny, ýagny Luis de la Fuentanyň wezipä bellenendigi habar berildi. 61 ýaşyndaky De la Fuente 2021-nji ýyldan bäri Ispaniýanyň U21 toparyna tälim berip gelýärdi. Ol 2013-18-nji ýyllarda U19, 2018-nji ýylda-da U21 toparyna şol bir wagtyň özünde U23 toparyna tälim berýärdi.