Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 40-sy hasaba alyndy.
Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň we Owganystanyň telekeçileri “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen dizel ýangyjyny we uçar kerosinini satyn aldylar. Şeýle hem owganystanly işewürler Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen dizel ýangyjyny satyn aldylar. “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gaz hem-de ECO-93 awtoulag benzini Türkiýäniň we Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleriniň geleşikleriniň esasyny düzdi.
Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Gyrgyzystanyň hem-de Owganystanyň işewürlerine tekiz boýalan we žakkard tüýjümek önümler hem-de portlandsement ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 43 million dollaryna golaý boldy.
Manat serişdelerine Birleşen Arap Emirlikleriniň işewürleri 35 million 560 müň manatlykdan gowrak nah ýüplügi satyn aldylar.