Tä­ze ýyl ar­ça­sy­ny be­ze­me­giň däp-des­sur­la­ry il­ki Ger­ma­ni­ýa­da ýü­ze çy­kyp, soň­ra beý­le­ki ýurt­la­ra ara­laş­ýar. Mag­lu­mat­la­ra gö­rä, ar­ça be­ze­me­giň däp­le­ri ne­mes re­for­ma­to­ry Mar­tin Lýu­ter (1483-1546) ta­ra­pyn­dan ba­şy baş­lan­ýar. Mar­tin Lýu­ter 1513-nji ýyl­da Rož­dest­wo baý­ram­çy­ly­gy­nyň öň ýa­nyn­da ag­şam ça­gy öýü­ne gel­ýär­kä as­man gi­ňiş­li­gi­ni tu­tup du­ran gür ýyl­dyz­lar top­lu­my­nyň gö­zel­li­gi­ne haý­ran gal­ýar. Şol gi­je hat­da ýag­ty ýyl­dyz­la­ryň öwüş­gin­le­ri ar­ça­la­ryň iň­ňe­pi­sint ýap­rak­la­ra hem dü­şüp, şöh­le­len­ýär. Ol öýü­ne ge­len­soň, iş sto­lu­nyň üs­tün­de ar­ça­jyk go­ýup, ony şem­ler bi­len be­ze­ýär. Onuň üs­tün­de bol­sa, Wif­le­ýem ýyl­dy­zy­ny ýat­lat­ýan ýyl­dyz­jy­gy ber­kid­ýär.
Şe­ýe hem, XVI asyr­da Mer­ke­zi Ýew­ro­pa­da Tä­ze ýyl gi­je­si sto­luň üs­tün­de ba­la gaý­na­dy­lan al­ma, ga­ra­ly, ar­myt we hoz bi­len be­ze­len ki­çi­jik buk aga­jy goý­lup­dyr. XVII asy­ryň ikin­ji ýa­ry­myn­da ne­mes we şweý­sar maş­ga­la­la­ryn­da tä­ze ýyl sup­ra­syn­da iň­ňe pür­li agaç­la­ry goý­mak däp­le­ri giň­den ýaý­rap ug­ra­ýar. Il­ki-il­ki­ler ki­çi­jik ar­ça­jyk­lar dür­li kem­put­dyr al­ma­jyk­lar bi­len be­ze­lip­dir, asy­lyp­dyr, soň-soň­lar bol­sa, uly ar­ça­ny be­ze­mek däp­le­ri ýo­la goý­lup­dyr.
XIX asy­ryň baş­la­ry­na çen­li ar­ça be­ze­mek däp­le­ri Ýew­ro­pa­nyň beý­le­ki ýurt­la­ry­na hem ara­la­şyp ug­ra­ýar. Şwe­si­ýa­da il­kin­ji tä­ze ýyl ar­ça­sy­nyň XVIII asyr­da, Finl­ýan­di­ýa­da 1800-nji ýyl­da, Da­ni­ýa­da – 1810-njy ýyl­da, Nor­we­gi­ýa­da – 1828-nji ýyl­da di­kel­di­len­di­gi ba­ra­da mag­lu­mat­lar bar. Bel­gi­ýa we Ni­der­land­lar­da bol­sa, ar­ça aga­jy di­ňe XIX asy­ryň or­ta­la­ryn­da peý­da bol­ýar.
Pa­riž­de il­kin­ji tä­ze ýyl ar­ça­sy 1840-njy ýyl­da Ko­rol Lui Fi­lip­piň köş­gü­niň öňün­de peý­da peý­da bol­ýar. Bu wa­ka­nyň esa­sy se­bäp­kä­ri ko­ro­lyň aýa­ly, as­ly ger­ma­ni­ýa­ly Ýe­le­na Or­leans­ka­ýa bol­ýar.
Ang­li­ýa­da il­kin­ji Tä­ze ýyl ar­ça­sy 1841-nji ýyl­da Ko­rol ze­nan Wik­to­ri­ýa, ger­ma­ni­ýa­ly Al­bert Sak­sen-Ko­bur­ga dur­mu­şa çy­kan­da Wind­sor köş­gün­de peý­da bol­ýar.
Tä­ze ýyl ar­ça­sy ger­ma­ni­ýa­ly mig­rant­la­ryň gol­da­wy bi­len Ame­ri­ka el­til­ýär. Il­ki ony şem­ler, mi­we­ler, süý­jü­lik­ler bi­len be­zän bol­sa­lar, so­ňa­ba­ka ony mum­dan, pa­myk­dan, kar­ton­dan we aý­na­dan ýa­sa­lan dür­li jä­je­jik­ler bi­len be­zäp­dir­ler.
Rus­si­ýa­da Tä­ze ýyl ar­ça­sy­ny be­ze­me­giň däp­le­ri Pýotr I ýar­da­my bi­len ýü­ze çyk­ýar. Ol ýaş­lyk ýyl­la­ryn­da Ger­ma­ni­ýa­da Rož­dest­wo baý­ram­çy­ly­gyn­da bo­lan­da, al­ma we kem­put bi­len be­ze­len ar­ça agaç­la­ry­na geň ga­lyp se­re­dip­dir. Bu gör­nüş onuň göw­nü­ni gö­te­rip­dir. Şeý­le­lik­de, Pýotr I tag­ta çy­kan­dan soň­ra Ýew­ro­pa­da­ky ýa­ly Tä­ze ýyl baý­ram­çy­ly­gy­ny bel­le­mek ha­kyn­da 1699-njy ýy­lyň 20-nji de­kab­ryn­da per­man çy­kar­ýar. Ýö­ne Rus­si­ýa­da tä­ze ýy­ly ala­mat­lan­dyr­ýan ar­ça bir asyr soň­ra XIX asy­ryň 40-njy ýyl­la­ryn­da giň­den or­na­şyp ug­ra­ýar.
1817-nji ýyl­da Ni­ko­laý I Paw­lo­wiç prus şa­za­da­sy Lui­za Şar­lot­ta öý­len­ýär. Şa­za­da ze­nan tä­ze ýyl zy­ýa­pa­tyn­da ar­ça aga­jy­ny goý­ma­gyň däp­le­ri­ni tek­lip ed­ýär. Şeý­le­lik­de, 1819-njy ýyl­da Ni­ko­laý I aýa­ly­nyň ha­ýy­şy bi­len il­kin­ji ge­zek Sankt-Pe­ter­burg­da­ky Aniç­kow köş­gün­de tä­ze ýyl ar­ça­sy­ny di­keld­ýär. 1852-nji ýyl­da bol­sa, Ýe­ka­te­ri­na şa­ýo­lun­da il­kin­ji ge­zek köp­çü­lik üçin ni­ýet­le­nen tä­ze ýyl ar­ça­sy di­kel­dil­ýär. Şeý­le­lik­de, şä­her­ler­de ar­ça bo­lan is­leg­ler ar­typ ug­ra­ýar. Bi­rin­ji ja­han ur­şy ýyl­la­ryn­da ar­ça be­ze­me­giň däp­le­ri do­wam et­di­ril­män­dir.
Ozal­ky so­wet hä­ki­mi­ýe­ti ýyl­la­ryn­da il­kin­ji köp­çü­li­ge ni­ýet­le­nen ar­ça 1917-nji ýy­lyň 31-nji de­kab­ryn­da Sankt-Pe­ter­burg­da otur­dyl­ýar. 1938-nji ýyl­da bol­sa, Mosk­wa­da 10 müň­den gow­rak oýun­jak bi­len be­ze­len ýur­duň 15 metr­lik baş ar­ça­sy di­kel­di­lip, bu däp hä­zir­ki gün­le­re çen­li do­wam et­di­ril­ýär.
Hä­zir­ki wagt­da dün­ýä­de Tä­ze ýyl ar­ça­sy­ny be­ze­me­giň bir­gi­den usul­la­ry bar. Ola­ryň has giň­den ýaý­ra­ny bol­sa, ar­ça­la­ry dür­li jä­je­jik­ler, çy­ra­jyk­lar we zer­li sa­pak­lar bi­len be­zel­me­gi­dir. Ge­çen ýyl­lar­da dün­ýä ýurt­la­ry­nyň kö­pü­sin­de te­bi­gy ar­ça­lar eme­li ar­ça­lar çal­şy­lyp, ola­ryň kä­bi­ri ha­ky­ky ar­ça­dan on­çak­ly ta­pa­wut et­me­ýär. Gün­do­gar ka­len­da­ry bo­ýun­ça 2023-nji ýyl tow­şan ýyl­dy­dyr. Şo­ňa gö­rä kä­bir ýurt­lar­da tä­ze ýyl ar­ça­sy­ny ak, çal, kü­müş­pi­sint reňk­li be­zeg­ler bi­len be­ze­ýär­ler.

Ogul­jen­net Mu­ham­me­do­wa, Türk­men döw­let be­den­ter­bi­ýe we sport ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by.