Baýramçylyklaryň, dabaralaryň we doglan günleriň garaşylýan tagamy bolan süýjülik tortlary b. e. öňki 2600-nji ýyllarda gadymy müsürliler tarapyndan taýýarlanyp başlanýar. Ilkibaşda bal bilen çörekden taýýarlanan süýjülikler XIX asyrda häzirki zaman görnüşine gelýär. Süýjülik tortlary hödür edilende, iýmekden ýüz öwürýän adam, megerem, ýok bolsa gerek. Dünýäde tortlaryň şokoladly, kakaoly, hozly, pisseli we garyşyk miweli görnüşleri bolup, her ýerde özüne mahsus usulda taýýarlanýar. Gazetimiziň şu sanynda meşhur süýjülik tortlarynyň käbiri baradaky maglumatlary dykgatyňyza ýetirýäris.
«Karpatka». Çörek we çörek önümleri boýunça dünýäde öňdeligi eýeleýän Polşanyň bu meşhur süýjüligi giňden ýaýrandyr. Adyny hemişe üsti garly Karpat daglaryndan alýan tortda krem köp ulanylýar. Taýýarlanyş usuly azda-kände çylşyrymly bolan karpatka tortunyň üstüne şeker külkesi sepilip hödür edilýär. Un, suw, şeker we ýumurtgadan taýýarlanýan karpatka 1995-nji ýylda söwda markasyna öwrülýär.
«Prinsesstarta». Şwesiýanyň nusgawy tortlarynyň biri bolan «Şagyzy tortunyň» (Prinsesstarta) iň esasy aýratynlygy daşynyň ýaşyl bolmagydyr. Üwelen badam hamyryndan daşy gaplanýan bu süýjülige «ýaşyl tort» hem diýilýär. Tort ilkinji gezek geçen asyryň başynda Şazada Karl Winsentiň gyzlaryna sapak berýän mugallym Jenni Akerstrom tarapyndan taýýarlanylýar. Bu süýjülige şol sebäpden «Şagyzy torty» diýilýär.
«Mille-feuille». Dünýäde fransuz tagamlarynyň ençemesi meşhur bolup, şolaryň arasynda «Mille-feuille» tortunyň orny has uludyr. «Milföý» diýlip okalýan bu tortuň ady «müň ýaprak» diýen manyny berýär. Tort gat-gat edilip, doňdurylyp goýlan «milföý» hamyryndan taýýarlanylýar. Üç gatly «milföý»-iň arasyna adaty tort kremi çalnyp hödür edilýär. Bu süýjüligiň asyl nusgasynda hiç hili miwe görnüşi ýok. Ýöne häzirki wagtda müşderileriň islegine görä dürli miweli görnüşleri hem taýýarlanylýar.
«Bienenstich». Germaniýanyň meşhur süýjülik tortlarynyň biri bolan «Bienenstich» «arynyň çakmagy» diýmegi aňladýar. Süýji çöregiň arasyna goýlan krem tortuň esasyny düzýär. Üstüne-de bal çalnyp, çalaja gowrulan badam owuntyklary sepilýär. Bu tort öz gözbaşyny XV asyrdan alyp gaýdýar.
«Sachertorte». Awstriýanyň dünýä belli torty bolan «Zaher» (Sachertorte) köp mukdarda şokoladly bolmagy bilen tapawutlanýar. Şokolady aşa gowy görýän 16 ýaşly Frans Zaher tarapyndan oýlanyp tapylan bu tortuň içi-daşy şokolod bilen örtülýär. Torta erigiň mürepbesi hem goşulyp taýýarlanylýar.
«Victoria sponge cake». Şa zenany Wiktoriýanyň ikindinara içýän çaýynyň ýany bilen iýen torty bolany üçin «Victoria sponge cake» diýilýän bu süýjülik adaty tort hamyryndan taýýarlanylýar. «Wiktoriýanyň sendwiçi» hem diýilýän bu süýjüligiň iki gatynyň arasyna tort kremi we malina mürepbesi çalynýar. Üstüne bolsa şeker külkesi sepilip hödür edilýär. Gelip çykyşy Ispaniýada diýlip çaklanylýan bu tort Beýik Britaniýanyň çäginde has meşhurdyr.
«Kransekage». Esasan hem, Daniýadyr Norwegiýada, şol sanda beýleki Skandinaw ýurtlarynda-da hemmäniň halaýan torty kransekage bolup, ol Täze ýyl baýramçylygynyň, toý saçaklarynyň bezegidir. Badamly hamyr halkalaryndan gat-gat edilip taýýarlanýan bu tort XVIII asyrdan gözbaş alýar. Piramida şekilindäki şol halkalar ýörite şire bilen birleşdirilýär.
«Torta rogel». Argentinleriň özboluşly süýjüligi ençeme gatdan ybarat bolup, doňdurylyp goýlan hamyrdan, ýagny «milföýden» taýýarlanýar. Şol çala bişirilen hamyrlaryň arasyna-da şekerli süýt goýultmasy (moloko) çalynýar. Üstüne-de ýumurtganyň agyndan taýýarlanan süýjülikler goýlup hödür edilýär. «Torta rogel» argentinleriň nusgawy süýjüligi hasaplanýar.
«Chaja». Argentinleriň goňşusy Urugwaýda «Chaja» atly özboluşly tort meşhur bolup, ol adyny tüýlek guş görnüşi «Chaja»-dan alýar. Tortuň daşyna owradylan zefir çalynýar. Şeýle hem tagamy ýeňil bolan tortuň üstüne, gatlarynyň arasyna kesilen şetdaly bölejikleri goýulýar.
«Ube cake». Filippinlerde doglan günleriň iň esasy süýjülik bolan «Ube cake» torty daşky görnüşi bilenem köpleri özüne bendi edýär. Tortuň benewşe reňki diňe Filippinlerde ýetişdirilýän özboluşly kartoşkadan alynýar. Köplenç 2 gatly taýýarlanýan torta mesge hem-de adaty tort kremi çalynýar. Benewşe tort dürli görnüşde, dürli şekilde we dürli miweler bilen hödür edilýär.
«Hummingbird cake». Ýamaýka döwletiniň iň meşhur süýjüligi bolan bu tagama «Doctor bird cake» torty hem diýilýär. Miweleri aşa gowy görýän guşlary hem özüne bendi edýän bu torty iýen adam hyýalynda tropik dünýä aralaşan ýaly bolýar. Ananas, banan, wanilin we beýleki goşundylardan taýýarlanylýan tort diňe bir Ýamaýkada däl, ABŞ-nyň Günorta sebitlerinde-de giňden ýaýrandyr.
«Melktert». Günorta afrikalylaryň meşhur torty bolan Melktertiň iň esasy goşundysy süýt bilen un bolup, oňa şeker hem-de ýumurtga garylýar. Ýewropalylaryň pirogyny ýadyňa salýan bu tort XVII asyrdan bäri Afrikada taýýarlanýar.
PDF









