Yzygiderli sport we maşk etmek bilen meşgullanmagyň saglyga peýdalydygy hemmelere mälimdir. Sagdyn durmuş ýörelgesine eýermek diňe fiziki saglyga däl, ruhy saglyga hem peýdaly. Görnüşine garamazdan, sport bilen meşgullanmak, maksadyňa ýetmek üçin ymtylmak we özüni şol ugurda yzygiderli kämilleşdirmek gündelik ýaşaýşa oňyn täsir edýär. Bilermenleriň bellemeklerine görä, munuň üçin sport bilen professional ýagdaýda meşgullanmak hem hökman däl. Yzygiderli hereket adamyň durmuşynda köp zady üýtgedip biler. Maşk etmegiň esasy peýdasy gaýgyny azaldyp, özüni şadyýan duýmaga ýardam etmegidir. Stresiň esasy sebäpleriniň biri günüň dowamynda bolup geçen kiçijik meseleleri ulaltmakdan ybarat hasaplanýar. Sport bilen meşgullanmak adamyň ünsüni şeýle zatlardan daşlaşdyryp, stresiň öňüni alýar.
Maşk ýa-da sport bilen meşgullanýan adamyň bir maksady bolýar. Mysal üçin, şunça kilometr ylgajak ýa-da şunça sagat top oýnajak diýen ýaly. Bu maksadyna ýetende adamda kanagatlanma duýgusy döreýär. Şeýlelikde, maksada ýetmegiň lezzetini duýan adamyň özüne bolan ynamy güýçlenýär. Bu bolsa, durmuşdaky beýleki maksatlaryna hem ýetmekde peýdaly hasaplanýar. Yzygiderli sport rahat uka hem täsir edýär. Rahat uky ruhy we fiziki saglygyň esasy sebäpleriniň biri hasaplanýar. Rahat uklan adam, irden keýpiçag oýanýar. Günüň dowamynda bolsa, önjeýli işleýär.
Yzygiderli hereket adamyň kadaly agramda bolmagyna hem oňyn täsir edýär. Köp keseller artykmaç agram sebäpli ýüze çykýar.
Myrat Ataballyýew, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymy.