7-nji ýanwarda ABŞ-nyň Wekiller palatasy tarapyndan respublikaçy Kewin Makkarti ses berişligiň 15-nji tapgyrynda spiker wezipesine saýlandy. Makkarti 216 sese eýe bolup, bu sesler saýlanmak üçin ýeterlikdi, sebäbi alty kanun çykaryjy dalaşgärleriň hiç birini goldamaýardy. Demokrat Hakim Jeffris bolsa, kanun çykaryjylaryň 212 sesine eýe boldy.
– Kaliforniýa ştatynyň wekili Kewin Makkarti sesleriň köpüsine eýe boldy we Wekiller palatasynyň başlygy wezipesine saýlandy – diýip, maslahaty alyp baryjy belledi.
Wekiller palatasynyň spikeriniň wezipesi ABŞ-nyň hökümetinde ähmiýeti boýunça üçünji orunda durýar. Makkartiniň bu wezipäni öňräk eýelemegine garaşylýardy, ýöne ol partiýa agzalarynyň uly bolmadyk toparynyň garaýşy sebäpli soňky günlerde sesleriň zerur sanyny alyp bilmedi. Maglumatlara görä, Makkarti kongresmenleri öz dalaşgärligini makullamaga razy etmek üçin birnäçe eglişikleri etmeli boldy. Ol esasan-da, spiker wezipesiniň möhletleri we şertleri bilen baglanyşykly käbir çäklendirmelere razy boldy.
Wekiller palatasynyň spikeriniň saýlawy 100 ýyldan soň ilkinji gezek diňe bir tapgyr bilen çäklenmedi. Şunuň ýaly ýagdaý soňky gezek gezek 1923-nji ýylda bolupdy. Sonda spiker saýlamak üçin dokuz tapgyr ses berişlik geçirildi. 1859-njy ýylda aşaky palatanyň spikerini saýlamak üçin 44 tapgyr gerek bolupdyr.
Spiker bellenmezden ozal, Kongresiň aşaky palatasynyň işinde belli bir derejede bökdençlik ýüze çykdy, sebäbi kanun çykaryjylar kasam kabul edip, talaba laýyk işe başlamaga mümkinçiligi bolmady. ABŞ-nyň Prezidenti Jozef Baýden Makkartini täze wezipä saýlanmagy bilen gutlap, özüniň respublikaçylar bilen işleşmäge taýýardygyny mälim etdi.