2024-nji ýylda Russiýada geçiriljek prezident saýlawlary bellenen möhletde häzirki döwlet Baştutany Wladimir Putiniň gatnaşmagynda geçiriler. Saýlaw kampaniýasyna taýýarlyk işleri häzirden başlandy. Bu barada Prezident administrasiýasyna ýakyn çeşmeler “Kommersant” gazetine habar berdi.
Saýlawyň 2024-nji ýylyň 17-nji martynda geçirilmegi meýilleşdirilýär. Saýlaw kampaniýasynyň 2023-nji ýylyň dekabrynda başlamagyna garaşylýar.