Şwesiýanyň LKAB magdançylyk kompaniýasy, ýurduň Arktika böleginde seýrek duş gelýän metallaryň iň uly ýatagyny ýüze çykardy. Bu metallar elektroulaglary we beýleki ösen tehnologiýalar öndürmekde giňden ulanylýar.
-Bu diňe bir LKAB kompaniýasy, sebit we şwesiýalylar üçin oňat habar bolman, eýsem, Ýewropa üçin hem gowy habar. Bu iň belli iri ýatak boup, “ýaşyl” geçiş üçin zerur bolan çig mal öndürmekde möhüm element bolup hyzmat eder – diýip, kompaniýanyň başlygy Ýan Mostrem belledi. Şeýle hem, ol LKAB-yň bu ýatakda barlag işlerini geçirmek üçin köp serişde goýberendigini aýtdy.
Şwesiýanyň Premýer-ministriniň orunbasary we energetika ministri Ebba Buşuň pikiriçe, “Bu magdanlar Ýewropa Bileleşigini elektrikleşdirmekde, öz-özüni üpjün etmekde çynlakaý ähmiýete eýe bolar”. Kompaniýanyň web sahypasynda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Ýewropada uly islegden peýdalanýan seýrek duş gelýän elementler gazylyp alynmaýar. Ýewropa Komissiýasynyň maglumatlaryna görä, oňa bolan isleg 2030-njy ýyla çenli bäş esse artar.
Seýrek duş gelýän metallar – ýokary tehnologiýaly pudaklarda isleg bildirilýän 17 elementden ybarat. Topara lantanoidler toparyna girýän metallar, şeýle-de skandiý, ittriý we lantan girýär. Hytaý häzirki zaman senagaty üçin zerur bolan seýrek duş gelýän metallary gazyp almakda dünýäde öňdeligi eýeleýär. Hytaýyň seýrek duş gelýän metallary öndürmekdäki paýy, takmynan, 70%-e deňdir.