Kino sungatynyň iň uly baýragy bolan Oskaryň dalaşgärleri mälim edildi. Amerikan kino akademiýasy tarapyndan yglan edilen 95-nji Oskar baýraklarynyň dalaşgärlerini aktýor Riz Ahmed bilen aktrisa Allison Williams mälim etdi. Iň köp ugur boýunça dalaşgärlige ýylyň iň köp baýrakly kinolaryndan “Hemme zat hemme ýerde we birbada” filmi mynasyp boldy. özboluşly bu film 11 ugur boýunça dalaşgär diýlip görkezildi. Ady agzalan bu ekran eseri iň gowy film, iň gowy režissýor, iň gowy aktrisa, ikinji plandaky iň gowy aktýor, ikinji plandaky iň gowy aktrisa (2), iň gowy asyl ssenariý, iň gowy saz, iň gowy aýdym, iň gowy montaž, iň gowy grim ugurlary boýunça kino sungatynyň iň uly baýragy ugrunda dalaşgärlige hödürlendi. Germaniýanyň önümi bolan we 1-nji Jahan urşy baradaky “Frontuň günbatarynda täzelik ýok” hem-de Martin MakDonahyň ekranlaşdyran “Inişeriniň perisi” filmleri 9 ugurda dalaşgär görkezildi. “Elwis” filminiň 8, Stiwen Spilbergiň awtobiografik görnüşli kinosy “Fabelmanlar” 7, kompozitor Lidia Tar baradaky “Tar” filmi hem-de ýylyň iň köp girdeji gazanan 2-nji kinosy “Topgan: Mawerik” 6 ugur boýunça dalaşgär boldy. “Marvel”-iň önümi bolan “Gara Pantera: Wakanda hemişelik” filminiň 5, ýylyň iň köp girdejili kinosy “Awatar: suwuň ýoly” filminiň hem 4 dalaşgärligi bar. “Wawilon”, Betmen”, “Tukatlygyň üçburçlugy”, “Kit” filmleri-de 3 ugurda Oskaryň hyrydary hökmünde görkezildi. 95-nji Oskar baýraklarynyň gowşurylyş dabarasy 12-nji martda Los Anjelesdäki “Dolby” teatrynda geçiriler. Dabarany 2017-nji we 2018-nji ýyllarda-da alyp baran meşhur komediýaçy Jimmi Kimmel alyp barar.

 

IŇ GOWY FILM

“Frontuň günbatarynda täzelik ýok” (All Quiet on the Western Front)

“Awatar: suwuň ýoly” (Avatar: The Way of Water)

“Inişeriniň perisi” (The Banshees of Inisherin)

“Elwis” (Elvis)

“Hemme zat hemme ýerde we birbada” (Everything Everywhere All at Once)

“Fabelmanlar” (The Fabelmans)

“Tar” (Tar)

“Topgan: Mawerik” (Top Gun: Maverick)

“Tukatlygyň üçburçlugy” (Triangle of Sadness)

“Gürrüňdeş zenanlar” (Women Talking)

 

IŇ GOWY REŽISSÝOR

Daniel Kwan bilen Daniel Şeinert – “Hemme zat hemme ýerde we birbada” (Everything Everywhere All at Once)

Todd Fild – “Tar” (Tar)

Martin MakDonah – “Inişeriniň perisi” (The Banshees of Inisherin)

Ruben Estlund – “Tukatlygyň üçburçlugy” (Triangle of Sadness)

Stiwen Spilberg – “Fabelmanlar” (The Fabelmans)

 

IŇ GOWY AKTÝOR

Ostin Batler – “Elwis” (Elvis)

Kolin Farrell – “Inişeriniň perisi” (The Banshees of Inisherin)

Brendan Freýzer – “Kit” (The Whale)

Pol Meskal – “Güneşden soň” (Aftersun)

Bill Naýy – “Ýaşaýyş” (Living)

 

IŇ GOWY AKTRISA

Keýt Blanşet – “Tar” (Tar)

Ana de Armas – Saryýagyz” (Blonde)

Andrea Raýzboro – “Lesliniň hatyrasyna” (To Leslie)

Mişell Williams – “Fabelmanlar” (The Fabelmans)

Mişell Ýeo – “Hemme zat hemme ýerde we birbada” (Everything Everywhere All at Once)

 

IKINJI PLANDAKY IŇ GOWY AKTÝOR

Brendan Glison – “Inişeriniň perisi” (The Banshees of Inisherin)

Braýan Taýri Henri – “Köldäki köpri” (Causeway)

Judd Hörş – “Fabelmanlar” (The Fabelmans)

Barry Keogan – “Inişeriniň perisi” (The Banshees of Inisherin)

Ke Kwa Jonatan – “Hemme zat hemme ýerde we birbada” (Everything Everywhere All at Once)

 

IKINJI PLANDAKY IŇ GOWY AKTRISA

Angela Bassett – “Gara Pantera: Wakanda hemişelik (Black Panther: Wakanda Forever)

Hong Çau – “Kit” (The Whale)

Kerry Kondon – “Inişeriniň perisi” (The Banshees of Inisherin)

Jeými Li Kurtis – “Hemme zat hemme ýerde we birbada” (Everything Everywhere All at Once)

Stefani Hsu – “Hemme zat hemme ýerde we birbada” (Everything Everywhere All at Once)

 

IŇ GOWY ASYL SSENARIÝ

“Inişeriniň perisi” (The Banshees of Inisherin) – Martin MakDonah

“Hemme zat hemme ýerde we birbada” (Everything Everywhere All at Once) – Daniel Kwan bilen Daniel Şeinert

“Fabelmanlar” (The Fabelmans)– Stiwen Spilberg bilen Toni Kuşner

“Tar” (Tar) – Todd Fild

“Tukatlygyň üçburçlugy” (Triangle of Sadness)– Ruben Estlund

 

IŇ GOWY ADAPTIRLENEN SSENARIÝ

“Frontuň günbatarynda täzelik ýok” (All Quiet on the Western Front) – Edward Berger, Lesli Paterson, Iýn Stokell

“Aýna sogan: pyçaklary çykarmak” (Glass Onion: A Knives Out Mystery) – Raýan Jonson

“Ýaşaýyş” (Living” – Kazuo Işiguro

“Topgan: Mawerik” (Top Gun: Maverick) – Eren Kruger, Eri Warren Singer, Kristofer MakKuarri

“Gürrüňdeş zenanlar” (Women Talking) – Sara Polli

 

IŇ GOWY ANIMASIÝA

“Gillermo del Toronyň Buratinosy” (Guillermo del Toro’s Pinocchio)

“Marsel ”(Marcel the Shell with Shoes On)

“Ädikli pişik: soňky arzuw” (Puss in Boots: The Last Wish)

“Deňiz jandary” (The Sea Beast)

“Gyzyla öwrülmek” (Turning Red)

 

IŇ GOWY HALKARA FILM

“Frontuň günbatarynda täzelik ýok” (All Quiet on the Western Front) – Edward Berger (Germaniýa)

“Argentina, 1985” (Argentina, 1985) – Santiago Mitre (Argentina)

“Golaý” (Close) – Lukas Dont (Belgiýa)

“IA” (EO) – Žerzi Skolimowski

“Ýuwaş gyz” (The Quiet Girl) – Kolm Bairid (Irlandiýa)

 

IŇ GOWY DOKUMENTAL FILM

“All That Breathes” – Şaunak Sen, Aman Mann, Teddi Leifer

“All the Beauty and the Bloodshed” – Laura Poitras, Howard Gertler, Jon Laýons, Nan Goldin, Ýoni Golijow

“Fire of Love” – Sara Dosa, Şeýn Boris, Ina Fiçman

“A House Made of Splinters” – Saýmon Lereng Wilmont, Monika Hellström

“Navalny” – Daniel Roher, Odessa Rae, Daýana Beker, Melani Miller, Şeýn Boris

 

IŇ GOWY GYSGA GÖWRÜMLI DOKUMENTAL FILM

“The Elephant Whisperers” – Kartiki Gonsalwes, Gunit Monga

“Haulout” – Ýewgeniýa Arbugaýewa, Maksim Arbugaýew

“How Do You Measure a Year?” – Jeý Rosenblatt

“The Martha Mitchell Effect” – Enn Alwerž, Bet Lewison

“Stranger at the Gate” – Joşua Seftel, Konall Jons

 

IŇ GOWY GYSGA GÖWRÜMLI FILM

“An Irish Goodbye” – Tom Berkeli, Ross Waýt

“Ivalu” – Anders Wolter, Rebekka Pruzan

“Le Pupille” – Alis Rorwaher, Alfonso Kuaron

“Night Ride” – Eirik Tweiten, Gaute Lid Larssen

“The Red Suitcase” – Saýrus Neşwad

 

IŇ GOWY GYSGA GÖWRÜMLI ANIMASIÝA

“The Boy, the Mole, the Fox and the Horse” – Çarli Makesi, Mattýuw Froýd

“The Flying Sailor” – Wendi Tilbi, Amanda Forbis

“Ice Merchants” – Žoao Gonzales, Bruno Kaetano

“My Year of Dicks” – Sara Gunnarsdottir, Pamela Ribbon

“An Ostrich Told Me the World Is Fake and I Think I Believe It” – Laklan Pendragon

 

IŇ GOWY SAZ

“Frontuň günbatarynda täzelik ýok” (All Quiet on the Western Front) – Wolker Bertelmann

“Wawilon” (Babylon) – Jastin Hurwits

“Inişeriniň perisi” (The Banshees of Inisherin)– Karter Burwell

“Hemme zat hemme ýerde we birbada” (Everything Everywhere All at Once) – Son Luks

“Fabelmanlar” (The Fabelmans) – Jon Williams

 

IŇ GOWY AÝDYM

“Applause” – “Zenan ýaly aýt” (Tell It Like a Woman) – Daýana Worren

“Hold My Hand” – Topgan: Mawerik” (Top Gun: Maverick) – Leýdi Gaga, BloodPop

“Lift Me Up” – “Gara Pantera: Wakanda hemişelik” (Black Panther: Wakanda Forever) – Tems, Rihanna, Raýan Kuler, Ludwig Garansson

“Naatu Naatu” – “RRR” (RRR) – M. M. Keerawani

“This Is a Life” – “Hemme zat hemme ýerde we birbada” (Everything Everywhere All at Once) –

Raýan Lott, Dewid Birn, Mitski

 

IŇ GOWY SES

“Frontuň günbatarynda täzelik ýok” (All Quiet on the Western Front)

“Awatar: suwuň ýoly” (Avatar: The Way of Water)

“Betmen” (The Batman)

“Elwis” (Elvis)

“Topgan: Mawerik” (Top Gun: Maverick)

 

IŇ GOWY ÇEPERÇILIK BEZEGI

“Frontuň günbatarynda täzelik ýok” (All Quiet on the Western Front)

“Awatar: suwuň ýoly” (Avatar: The Way of Water)

“Wawilon” (Babylon)

“Elwis” (Elvis)

“Fabelmanlar” (The Fabelmans)

 

IŇ GOWY OPERATOR

“Frontuň günbatarynda täzelik ýok” (All Quiet on the Western Front) – Jeýms Frend

“Bardo” (Bardo, False Chronicle of a Handful of Truths) – Darius Hondži

“Elwis” (Elvis) – Mendi Wolker

“Ýagtylyk imperiýasy” (Empire of Light) – Rojer Dikins

“Tar” (Tar) – Florian Hoffmeister

 

IŇ GOWY MAKIÝAŽ WE SAÇ BEZEGI

“Frontuň günbatarynda täzelik ýok” (All Quiet on the Western Front)

“Betmen” (The Batman)

“Gara Pantera: Wakanda hemişelik” (Black Panther: Wakanda Forever)

“Elwis” (Elvis)

“Kit” (The Whale)

 

IŇ GOWY GRIM

“Wawilon” (Babylon)

“Gara Pantera: Wakanda hemişelik” (Black Panther: Wakanda Forever)

“Elwis” (Elvis)

“Hemme zat hemme ýerde we birbada” (Everything Everywhere All at Once)

“Hanym Harris Pariže gidýär” (Mrs. Harris Goes to Paris)

 

IŇ GOWY MONTAŽ

“Inişeriniň perisi” (The Banshees of Inisherin)

“Elwis” (Elvis)

“Hemme zat hemme ýerde we birbada” (Everything Everywhere All at Once)

“Tar” (Tar)

“Topgan: Mawerik” (Top Gun: Maverick)

 

IŇ GOWY WIZUAL EFFEKTLER

“Frontuň günbatarynda täzelik ýok” (All Quiet on the Western Front)

“Awatar: suwuň ýoly” (Avatar: The Way of Water)

“Betmen” (The Batman)

“Gara Pantera: Wakanda hemişelik” (Black Panther: Wakanda Forever)

“Topgan: Mawerik” (Top Gun: Maverick)