28-nji ýan­war­da pen­si­ýa çy­kan ge­ne­ral we NA­TO-nyň har­by ko­mi­te­ti­niň öň­ki baş­ly­gy Petr Pa­wel Çe­hi­ýa­nyň Pre­zi­den­ti we­zi­pe­si­ne saý­lan­dy. Ol 8-nji mart­da Mi­los Ze­ma­nyň ýe­ri­ne ge­çip, döw­let Baş­tu­ta­ny we­zi­pe­si­ni ýe­ri­ne ýe­ti­rer. Mi­loş Ze­man mil­li Kons­ti­tu­si­ýa la­ýyk­lyk­da, iki bäş­ýyl­lyk pre­zi­dent­lik man­da­tyn­dan soň gaý­ta­dan bu we­zi­pä da­laş­gär­lik edip bil­me­di.
Saý­law­la­ryň ikin­ji tap­gy­ryn­da, saý­law uças­tok­la­ry­nyň 99,72%-in­de ses­ler sa­na­lan­dan soň, Petr Pa­we­liň ses­le­riň 58,24%-ine eýe bo­lan­dy­gy bel­li bol­dy. Onuň bäs­de­şi Çe­hi­ýa­nyň öň­ki Prem­ýer-mi­nist­ri And­reý Ba­biş bol­sa, saý­law­çy­la­ryň 41,75% se­si­ne eýe bol­dy. Saý­law­la­ra gat­na­şyk 70,31%-e deň bol­dy.
Hä­zir­ki sy­ýa­sy çä­rä saý­law­çy­la­ryň gy­zyk­lan­ma­sy öň­kü­ler­den has ýo­ka­ry bo­lup, gat­na­şy­jy­la­ryň sa­ny bi­rin­ji tap­gy­ra ga­ra­nyň­da re­kord de­re­je­de bol­dy. Bel­li sy­ýa­sat­çy­la­ryň ara­syn­da Pa­we­li il­kin­ji bo­lup Çe­hi­ýa­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri Petr Fia­la we Slo­wa­ki­ýa­nyň Pre­zi­den­ti Zu­za­na Ça­pu­to­wa gut­la­dy. Pa­we­liň saý­law­lar­da ga­za­nan ýeň­şi yg­lan edi­len­den soň, onuň gat­naş­ma­gyn­da ge­çi­ri­len il­kin­ji met­bu­gat ýyg­na­gyn­da Pre­zi­dent hök­mün­de äh­li çeh ra­ýat­la­ry­nyň bäh­bit­le­ri­ni go­ra­jak­dy­gy­ny bel­läp geç­di.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­nyň gö­ni we äh­lu­mu­my saý­law­la­ry Çe­hi­ýa­nyň ta­ry­hyn­da üçün­ji ge­zek ge­çi­ril­di. Bu for­mat­da­ky saý­law­lar il­kin­ji ge­zek 2013-nji ýyl­da ge­çi­ril­di. On­dan öň Pre­zi­dent par­la­ment ta­ra­pyn­dan saý­lan­ýar­dy.
Çe­hi­ýa­nyň dör­dün­ji Pre­zi­den­ti
Petr Pa­wel 1961-nji ýy­lyň 1-nji no­ýab­ryn­da Çe­hi­ýa­nyň Pla­na şä­he­rin­de har­by maş­ga­la­da dün­ýä in­ýär. Ol Opa­wa şä­he­rin­dä­ki ýet­gin­jek­ler üçin ni­ýet­le­nen Ýan Žiž­ka adyn­da­ky har­by mek­de­bin­de bi­lim al­ýar, 1983-nji ýyl­da Wyş­kow­da­ky gu­ry ýer go­şun mek­de­bi­ni, 1991-nji ýyl­da Brno şä­he­rin­dä­ki An­to­nin Za­po­tos­kiý har­by aka­de­mi­ýa­sy­ny gu­tar­ýar. Soň bol­sa Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­da­ky har­by okuw mek­dep­le­rin­de tä­lim al­ýar. Ol bir­nä­çe da­şa­ry ýurt di­li­ni bil­ýär. Pa­wel Ýew­ro­pa gym­mat­lyk­la­ry­na eýer­ýän sy­ýa­sat­çy­dyr.
Pre­zi­den­tiň we­zi­pe­le­ri
Çe­hi­ýa par­la­ment Res­pub­li­ka­sy bo­lup, on­da Pre­zi­dent we­kil­çi­lik­li we­zi­pe­le­ri ýe­ri­ne ýe­tir­ýär. Ol Hal­ka­ra are­na­syn­da döw­le­te we­kil­çi­lik ed­ýär we ýur­duň ýa­rag­ly güýç­le­ri­niň be­lent Ser­ker­de­ba­şy­sy­dyr. Ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji hä­ki­mi­ýet hö­kü­me­tiň yg­ty­ýa­ryn­da­dyr. Prem­ýer-mi­nist­riň we Kons­ti­tu­si­ýa ka­zy­ýe­ti­niň ka­zy­la­ry­nyň bel­len­me­gi Pre­zi­den­tiň mö­hüm yg­ty­ýar­lyk­la­ry­na gir­ýär. Pre­zi­den­tiň ra­zy­ly­gy bol­maz­dan Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti Res­pub­li­ka­nyň il­çi­ha­na­la­ry­nyň we dip­lo­ma­tik we­kil­ha­na­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry­ny bel­läp bil­me­ýär. Pre­zi­dent we Prem­ýer-mi­nistr mö­hüm me­se­le­ler bo­ýun­ça wag­tal-wag­tal mas­la­hat­la­şyp dur­ýar­lar.
Çe­hi­ýa Mer­ke­zi Ýew­ro­pa 10 mil­li­on­dan gow­rak ilat­ly ösen döw­let bo­lup, de­mir­ga­zyk­da Pol­şa, de­mir­ga­zyk-gün­ba­tar­da Ger­ma­ni­ýa, gü­nor­ta­da Awst­ri­ýa we gün­do­gar­da Slo­wa­ki­ýa bi­len ser­het­leş­ýär. Hä­zir­ki Çe­hi­ýa 1993-nji ýy­lyň 1-nji ýan­wa­ryn­da eme­le gel­di. Paý­tagt Pra­ga ýur­duň iň iri şä­her­le­ri­niň bi­ri­dir. Çe­hi­ýa 2004-nji ýy­lyň 1-nji ma­ýyn­da Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň ag­za­sy bol­dy.