Häzirki wagtda Gonkongyň «Kitçi» futbol toparynda üstünlikli çykyş edýän Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň ýarymgoragçysy Ruslan Mingazow wekilçilik edýän toparyndaky ilkinji baýragyny gazandy. Bu barada “Türkmenistan” gazetinde habar berilýär.
Has takygy, ildeşimiz wekilçilik edýän topary bilen bilelikde ýurduň «Senýor Şild» kubogyny gazandy. «Istern» futbol topary bilen geçirilen aýgytlaýjy duşuşyk 11 metrlik jerime urgularynyň netijesinde Ruslan Mingazowyň topardaşlarynyň peýdasyna tamamlandy.
Dartgynly geçen duşuşygyň esasy we goşmaça wagty 1:1 hasabyndaky deňlik bilen tamamlandy. Ykbaly 11 metrlik jerime urgulary bilen kesgitlenen duşuşykda «Kitçiniň» futbolçylary 4:2 hasabynda üstün çykdylar. Şeýlelikde, topar bu baýraga taryhynda sekizinji gezek mynasyp boldy. «Kitçiniň» Gonkongyň 11 gezek çempiony bolandygyny hem bellemelidiris.
Futbol ýolunda paýtagtyň «Aşgabat» toparyndan başga-da, Latwiýanyň, Çehiýanyň we Gazagystanyň birnäçe toparlarynda çykyş eden Ruslan Mingazow häzirki toparyna geçen ýylyň mart aýynda goşuldy. AFK-nyň Çempionlar ligasyndaky we ýerli çempionatdaky üstünlikli çykyşy sebäpli, «Kitçiniň» ýolbaşçylary türkmenistanly ýarymgoragçynyň bir möwsümlik şertnamasyny 2025-nji ýyla çenli uzaltdylar.