Italiýaly ýarymgoragçy Žoržinio Londonyň “Çelsi” klubunda şäheriň beýleki güýçli klubuna “Arsenala” transfer boldy. 31 ýaşyndaky asly brazil bolan futbolçy topçular bilen 1,5+1 ýyllyk şertnama baglaşdy. “Çelsiden” öň “Napolide” oýnan Žoržinio 2018-nji ýylda iňlis klubunyň düzümine goşulypdy. Ol täze klubunda 20-nji belgili köýnekçäni geýer. Žoržinio “Çelside” 4 kubok gazanyp, şolaryň biri UEFA Çempionlar Ligasynyň çempionlygydyr. Žoržinio “Çelside” oýnan 4,5 möwsüm çykyş edip, 213 duşuşykda 29 gezek tapawutlandy.