Ça­ga­lar üçin oý­la­nyp ta­py­lan güý­men­je­le­riň iň esa­sy­la­ry­nyň bi­ri mult­film bol­sa ge­rek. Il­ki­baş­da­ky ak-ga­ra şe­kil­ler­den häzirki döw­re­bap gör­nü­şe ge­ti­ri­len mult­film­ler ça­ga­la­ra il­kin­ji dü­şün­je­le­ri ber­mek­de, aňy­ny, akyl-ze­hi­ni­ni ös­dür­mek­de hem-de bi­li­mi­ni kä­mil­leş­dir­mek­de örän äh­mi­ýet­li­dir. Ça­ga­lar mult­fil­m­le­re to­ma­şa et­mek ar­ka­ly wag­ty­ny gy­zyk­ly ge­çir­ýär­ler, şol sanda şe­kil­ler­dä­ki gah­ry­man­la­ryň hä­si­ýe­ti­ni sel­jer­mek ar­ka­ly daş-tö­we­re­ge akyl ýe­tir­ýär­ler. Kä­bir öw­re­di­ji mult­film­ler ça­ga­la­ryň dö­re­di­ji­lik ba­şar­nyk­la­ry­nyň ýü­ze çyk­ma­gy­na hem kö­mek ed­ýär. Hä­zir­ki wagt­da dün­ýä­de kör­pe to­ma­şa­çy­lar bi­len bir ha­tar­da, ulu­la­ryň hem göw­nün­den tur­ýan mult­film­le­riň her ýyl ýüz­ler­çe­si köp­çü­li­ge hö­dür­len­ýär. Biz hem ga­ze­ti­mi­ziň şu sa­nyn­da iň köp to­ma­şa edi­len mult­film ba­ra­da mag­lu­mat ber­me­gi ma­kul bil­dik.

«Spon­ge­Bob Squa­re­pants» dün­ýä­de iň köp to­ma­şa edi­len mult­film bo­lup, baş gah­ry­man Spon­ge­Bob ça­ga­la­ra şat­lyk paý­la­ýan de­ňiz gup­ka­sy hök­mün­de su­rat­lan­dy­ryl­ýar. Mult­fil­miň baş gah­ry­ma­ny­ny ame­ri­kan ýa­zy­jy­sy we ani­ma­to­ry Sti­wen Hil­len­berg «In­ter­ti­dal Zo­ne» (Ara­lyk zo­lak) at­ly ki­ta­byn­da­ky Bob Spon­ge keş­bi esa­syn­da dö­red­ýär. Ýa­zy­jy­nyň bu ki­ta­by ça­ga­lar üçin ni­ýet­le­nip, eser­de dür­li gör­nüş­li de­ňiz jan­dar­la­ry­nyň özü­ni alyp bar­şy ba­ra­da gy­zyk­ly gür­rüň­ler be­ril­ýär. 1999-njy ýyl­da «Kö­mek is­len­ýär» (Help Wan­ted) ady bi­len il­kin­ji se­ri­ýa­sy köp­çü­li­ge hö­dür­le­nen bu mult­film hä­zir­ki wagt­da müň­ler­çe to­ma­şa­çy­nyň iň söý­gü­li ani­ma­si­ýa ese­ri­ne öw­rül­di.
Spon­ge­Bob deň­ziň düý­bün­dä­ki Bi­ki­ni Bot­tom şä­he­ri­niň 124-nji Konç kö­çe­sin­de Ga­ry at­ly ba­lyk­gu­lak bi­len bi­le­lik­de ana­nas şe­kil­li jaý­da ýa­şa­ýar. Bu kö­çä­niň ug­run­da baş gah­ry­ma­nyň iň ýa­kyn dos­ty Pat­rik bi­len Pas­ha ada­syn­dan ge­len Skid­war­dyň hem öýi bar. Pat­ri­giň daş keş­bi de­ňiz ýyl­dy­zy­na, Skid­war­dyň keş­bi bol­sa bu­run­lak ýa­şu­ly ada­ma meň­ze­ýär. Pat­rik ga­ýa­nyň aşa­gyn­da, Skid­ward bol­sa moai (Pasha adasyndaky äpet daşlar) heý­ke­lin­den ýasa­lan öý­de ýa­şa­ýar.
Mult­film­de de­ňiz jan­dar­la­ry­na gi­je-gün­diz hyz­mat ed­ýän «Krus­ty Krab» res­to­ra­nyn­da­ky gy­zyk­ly wa­ka­lar su­rat­lan­dy­ryl­ýar. Bu res­to­ra­nyň eýe­si je­nap Krabs (leň­ňeç) bo­lup, Spon­ge­Bob «Krus­ty Krab» res­to­ra­nyn­da işi­ne ök­de aş­pez bo­lup iş­le­ýär. Baş gah­ry­ma­nyň dur­muş­da­ky iň uly ar­zu­wy ga­ýyk sür­mek üçin sü­rü­ji­lik şa­ha­dat­na­ma­sy­ny al­mak. Şol se­bäp­li Spon­ge­Bob ha­nym Puf­fyň ga­ýyk sür­mek­li­gi öw­red­ýän mek­de­bin­de oka­ýar. Ýö­ne her ge­zek sy­nag­dan geç­me­li bo­la­nyn­da şow­suz­ly­ga uç­ra­ýar. Mult­film­de ady ag­za­lan gah­ry­man­lar­dan baş­ga-da, San­dy­nyň, Pe­ar­lyň, Plank­to­nyň we Ka­re­niň keşp­le­ri ar­ka­ly gy­zyk­ly wa­ka­lar be­ýan edil­ýär. Te­has­ly alym-göz­leg­çi we oý­lap ta­py­jy San­dy at­ly gyz­ja­gaz kel­le­si­ne aý­na güm­mez­li baş­ga­by ge­ýip, su­wuň düý­bün­de bar­lag iş­le­ri­ni ge­çir­ýär. Je­nap Krab­syň gy­zy Pearl (kit) de­ňiz ke­nar­la­ryn­da aku­la­dyr kit­ler bi­len ge­ze­lenç et­me­gi go­wy gör­ýär. Plank­ton we Ka­ren at­ly tä­jir­ler je­nap Krab­syň res­to­ra­nyn­da bi­şi­ril­ýän bur­ge­riň taý­ýar­la­nyş düz­gün­le­ri­ni ele sa­lyp, de­ňiz­dä­ki iň go­wy res­to­ra­ny öz­le­ri üçin aç­mak is­le­ýär­ler. Ýö­ne ola­ryň et­sem-goý­sam­la­ry her ge­zek ba­şa bar­ma­ýar.
Spon­ge­Bob köp­lenç ça­ga­lyk dos­ty Pat­rik bi­len me­du­za tut­mak, kö­pür­jik ýar­mak ýa­ly oýun­la­ry oý­na­ýar. Ola­ryň şow­hu­ny­na kel­le­si agyr­ýan Skid­ward bir­nä­çe ge­zek ra­hat­ly­gy sak­la­ma­gy duý­dur­ýar. Öň­ki ýag­daý­lar gaý­ta­la­nyp du­ransoň, Skid­ward bu şä­her­den baş­ga ýe­re gö­çüp git­mek­çi bol­ýar. Em­ma ýe­ne-de yzy­na gaý­dyp gel­ýär. Spon­ge­Bob al­çak­ly­gy, şa­dy­ýan­ly­gy bi­len daş-tö­we­re­ge şat­lyk paý­lap, to­ma­şa­çy­la­ryň hem göw­nü­ni gö­ter­ýär. Ol hä­si­ýe­ti bo­ýun­ça ýum­şak, köp­çü­li­giň ala­da­sy­ny ed­ýän we daş-töw­ere­gin­dä­ki­le­ri özü­ne dost ha­sap­la­ýan gah­ry­man bo­lup, mult­film­de Spon­ge­Bo­byň üs­ti bi­len adam­kär­çi­lik­li, ki­çi­gö­wün­li, al­çak we işeň­ňir bol­ma­ly­dy­gy ün­del­ýär.