Ýer ýüzünde syýahatçylygy ösdürmek üçin dürli taslamalar durmuşa geçirilýär. Soňky ýyllarda ekosyýahatçylyk hem jahankeşdeçiligiň ösýän ugurlarynyň biridir. Esasan, dag ýodalarynda gezelenç etmegi, kölleriň ýa-da derýalardaky gezelenji öz içine alýan bu ugur has meşhurlyk gazanýar. Braziliýanyň Monte Werde şäheriniň golaýynda, tokaýyň jümmüşinde täsin jaýlar guruldy. Bu jaýlaryň penjireleri agaç ýapraklaryna meňzeýän owadan geometrik nagyşlar bilen bezelipdir. Täsin jaýyň taslamasyny “Studio MEMM” binagärlik firmasy taýýarlapdyr. Sütünleriň üstünde ýerleşýän jaýyň yzky howlusynda seki hem göz öňünde tutulypdyr. Tebigat ilen sazlaşykly edilip dizaýn edilen seki arassa howadan dem almaga, gözellikleri synlamaga mümkinçilik berýär. Otaglaryň içinde alýumin çarçuwaly penjireler oturdylypdyr. Dynç alyş otaglaryny ýadyňa salýan jaýyň penjirelerinden golaýdaky agaçlar we howuz aýdyň görünýär.
Täsin gurluşly jaýyň penjirelerine ýelmenen şöhle şekilli nagyşlar agaç ýapraklaryna meňzeş bolup, binagärleriň pikiriçe, adamlaryň rahatlygyny artdyrmaga ýardam edýär.
Mahlasy, bu täsin jaý tokaýyň arassa howasynda dynç almak üçin gelýänleriň düşelgesine öwrülipdir.
Gülşat Orazowa, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby
PDF









