ABŞ-nyň “Sunrun” kompaniýasy Kaliforniýanyň PG&E şereketi bilen Gün panelleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin hyzmatdaşlyk edýär. Şertnama laýyklykda kompaniýalar önümçilik kuwwaty 30 MWt bolan Gün energiýa bekedini gurarlar. Bu beket ýaşaýjylaryň jaýlarynyň üstüne ýerleşdirilen Gün panelleri bilen birleşdirilip, ygtybarly önümçilik ýola goýlar. Taslamanyň çäklerinde ýaşaýyş jaýlarynda aýratynlykda Gün panelleri we energiýa saklaýan batareýalar oturdylar. Şeýlelikde, olar birleşdirilip, bitewi ulgam emele getiriler. Bu bolsa, arzan we ygtybarly energiýany üpjün etmäge ýardam eder. Bu batareýa ulgamlary her gün agşam sagat 7-den agşam 9-a çenli işlemäge gönükdiriler. Bu bolsa, Gün paneli arkaly öndürilýän energiýanyň peselip başlaýan, emma energiýanyň has köp sarp edilýän wagty bolup, ulgam energiýanynyň kadaly üpjün edilmegine ýardam eder. Bu taslama goşulmak isleýän ýaşaýjylar belli bir derejede pul tölemeli bolar. Netijede, arzan bahaly energiýadan peýdalanarlar üçeklerine ýerleşdirilen Gün panelleri arkaly öndürilen energiýany satyp, girdeji gazanmaga mümkinçilik alarlar.
Mähri Batyrowa, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyby.
PDF









