Ýatkeşlik barada gyzykly maglumatlar

1717

Ýat or­ga­niz­miň mag­lu­mat sak­la­mak we ge­rek wag­ty peý­da­lan­mak üçin oňa sal­gy­lan­mak uky­by­dyr. Beý­ni myş­sa­lar­dan yba­rat däl, em­ma ol hem tür­gen­leş­mä­ge ukyp­ly. bi­ler­men­le­riň aýt­mak­la­ry­na gö­rä, ýa­dy­my­zy ýer­lik­li ula­nyp bil­me­gi­miz üçin be­den hem aň taý­dan sag­dyn bol­ma­gy­myz ge­rek. Sport bi­len meş­gul­lan­mak, dog­ry iý­mit­len­mek, wagt­ly-wag­tyn­da suw iç­mek we dart­gyn­ly­lyk­dan uzak dur­mak be­den sag­ly­gy­my­za bol­şy ýa­ly ýat­keş­li­ge hem peý­da­ly­dyr. Beý­ni­niň iş­jeň­li­gi­niň bo­zul­maz­ly­gy üçin wagt­ly-wag­tyn­da uky­nyň alyn­ma­gy ze­rur­dyr. Her gün şol bir wagt­da ýa­typ, şol bir wagt­da tur­ma­gy en­dik edin­me­li­dir. Mu­ňa dynç alyş gün­le­ri hem de­giş­li­dir. Uky ýet­mez­çi­li­gi beý­nä hem ýat­keş­li­ge ze­per ýe­tir­ýär.
Ýat­keş­li­giň bo­zul­maz­ly­gy üçin gün­de­lik iýil­ýän iý­mi­tiň dü­zü­min­den şe­ke­riň muk­da­ry­ny azalt­ma­ly­dyr. Beý­ni­miz­de mil­li­on­lar­ça neý­ron bar. Beý­ni­niň güý­ji neý­ron­la­ryň sa­ny­nyň däl-de, ola­ryň öza­ra bag­la­ny­şy­gy­nyň ýo­ka­ry bol­ma­gy­na bag­ly­dyr. Iý­ýän iý­mi­ti­mi­ziň dü­zü­min­dä­ki şe­ke­riň aşa köp bol­ma­gy neý­ron­la­ryň bag­la­ny­şy­gy­na zy­ýan ýe­tir­ýär. Ba­lyk ýa­gy­nyň, dür­li ma­ňyz­la­ryň iý­mit dü­zü­min­de bol­ma­gy beý­nä oňyn tä­si­ri­ni ýe­tir­ýär.
Ýat­keş­li­gi tür­gen­le­şik­le­riň kö­me­gi bi­len hem ös­dür­mek bol­ýar. Mag­lu­mat­la­ry uzak wagt­lap ýat­da sak­la­mak üçin ýat tu­tu­lan mag­lu­ma­ty bi­rin­ji ge­zek oka­nyň­dan, gö­re­niň­den ýa-da eşi­de­niň­den soň, ikin­ji ge­zek 15-20 mi­nut beý­nä dynç be­rip, soň gaý­ta­la­mak, üçün­ji ge­zek 6-8 sa­gat­dan soň, dör­dün­ji ge­zek 24 sa­gat­dan soň gaý­ta­la­mak has peý­da­ly ha­sap­lan­ýar. Mag­lu­mat­la­ry dü­şün­män ýat tut­mak gaý­ta­la­nan­da ýa­da düş­män hem bil­ýär. Ýa­dy tür­gen­leş­dir­me­giň ýu­muş­la­ry 2 to­pa­ra böl­mek bi­len, olar gö­rüş ýa­dy hem-de eşi­diş ýa­dy­dyr. Gör­mek bi­len ka­bul edi­len mag­lu­mat­la­ryň 65 gö­te­ri­mi­ni uzak wagt­lap ýat­da sak­la­ma­ga, diň­le­mek ar­ka­ly ka­bul edi­len mag­lu­ma­tyň bol­sa 10 gö­te­ri­mi­ni ýat­da sak­lap bol­ýar.

Aý­na Re­je­po­wa, Türk­men oba ho­ja­lyk ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by.