Gaýybana syýahat

Dün­ýä­niň sy­ýa­hat­çy­lyk pu­da­gyn­da­ky meş­hur bi­na­la­ryň ha­ta­ryn­da Awst­ra­li­ýa­nyň Sid­neý ope­ra te­at­ry­ny hem gör­kez­mek bo­lar. 1973-nji ýyl­da gur­lu­şy­gy ta­mam­la­nan bu bi­na gö­ýä ýü­züp bar­ýan ak ýel­ken­li gä­mi­ni ýa­dy­ňa sal­ýar. Sid­neý por­tu­nyň go­la­ýyn­da­ky ýa­rym ada­da, Ben­ne­long no­ka­dyn­da ýer­leş­ýän bu teatr spek­takl meý­dan­ça­sy­ny, kon­sert za­ly­ny, iki teatr za­ly­ny, oýun otag­la­ry­ny, stu­di­ýa­ny we üçe­gin­dä­ki bi­ri-bi­ri­ne bag­ly ýel­ken­li res­to­ran­la­ry öz içi­ne al­ýar. XX asy­ryň öz­bo­luş­ly bi­na­gär­lik ese­ri ha­sap­lan­ýan Sid­neý ope­ra te­at­ry deň­siz-taý­syz be­ze­gi, gur­lu­şy we or­naş­dy­ry­lan teh­no­lo­gik tä­ze­lik­le­ri bi­len sy­ýa­hat­çy­la­ryň ün­sü­ni özü­ne çek­ýär.
Sid­neý ope­ra te­at­ry di­ňe bir aja­ýyp bi­na­gär­lik tä­sin­li­gi bol­man, eý­sem, dün­ýä de­re­je­sin­dä­ki ope­ra teatr­dyr. Hä­zir­ki wagt­da Sid­neý ope­ra te­at­ryn­da her ýyl 1 müň 500-e go­laý çy­kyş­lar ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýär. Bu te­at­ryň açy­lan ýy­ly sah­na­da il­kin­ji bo­lup XX asy­ryň meş­hur akt­ýo­ry, ýa­zy­jy­sy we aý­dym­çy­sy Pol Ro­b­son çy­kyş ed­ýär. Nus­ga­wy ba­let çy­kyş­la­ryn­dan, in­no­wa­si­on teatr­lar­dan we sim­fo­ni­ki saz­lar­dan hä­zir­ki za­man tans­la­ry­na çen­li ope­ra eser­le­ri­niň bir­nä­çe­si iň­lis, man­da­rin, fran­suz, ne­mes, ýa­pon, ko­reý we is­pan dil­le­rin­de to­ma­şa­çy­la­ra hö­dür­len­ýär. Ope­ra te­at­ry­na her ýyl 10 mil­li­on­dan gow­rak to­ma­şa­çy bar­ýar. Mun­dan baş­ga-da, bu teatr­da her ýy­lyň maý-iýun aý­la­ryn­da dün­ýä­dä­ki iň uly ýag­ty­lyk we aý­dym-saz baý­ram­çy­ly­gy bo­lan «Wivid Syd­ney» san­ly yşyk fes­ti­wa­ly ge­çi­ril­ýär.
Te­at­ryň gur­lu­şy­gy­nyň ta­ry­hyn­dan
1956-njy ýyl­da Tä­ze Gü­nor­ta Uels hö­kü­me­ti mil­li ope­ra te­at­ry­ny gur­mak üçin «Ope­ra Hou­se» hal­ka­ra tas­la­ma bäs­le­şi­gi­ni ge­çir­ýär. Bäs­le­şi­ge 33 ýurt­dan 233 tas­la­ma hö­dür­le­nip, 38 ýaş­ly da­ni­ýa­ly bi­na­gär Ýorn Ut­son ýe­ňi­ji bol­ýar. 1959-njy ýyl­da gur­lu­şy­gy­ny 4 ýyl­da ta­mam­la­mak me­ýil­leş­di­ri­len tas­la­ma 14 ýyl­da gur­lup gu­ta­ryl­ýar. Sid­neý ope­ra te­at­ry 1973-nji ýy­lyň 20-nji okt­ýab­ryn­da Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň Şa ze­na­ny Ýe­li­za­we­ta II ta­ra­pyn­dan açyl­ýar. Sid­neý ope­ra te­at­ry 2005-nji ýyl­da Awst­ra­li­ýa­nyň mil­li mi­ra­sy­nyň sa­na­wy­na, 2007-nji ýyl­da bol­sa ÝU­NES­KO-nyň Bü­tin­dün­ýä mi­ra­sy­nyň sa­na­wy­na gi­ri­zil­ýär.