26-njy fewralda Hindistan Premýer-ministri Narendra Modi we Germaniýa Kansleri Olaf Şols innowasiýa we tehnologiýa, arassa wodorod we energiýa tehnologiýalary boýunça hyzmatdaşlyk barada iki sany hökümetara şertnama gol çekdiler. Bu ylalaşyklara Olaf Şolsuň Hindistana iki günlük sapary wagtynda gol çekildi. Bu Olaf Şolsuň Germaniýanyň Kansleri hökmünde Hindistana ilkinji saparydyr.
Taraplar, şeýle hem, “Skill Council for Green Jobs” bilen “Bundesverband Solarwirtschaft” birleşikleriniň arasynda işewür hyzmatdaşlyk barada özara düşünişmek memorandumyna gol çekdiler. Bu mynasybetli indiki ýyl Hindistanda Aziýa-Ýuwaş umman maslahatyny guramak barada bildiriş berildi.
Hindistan bilen Germaniýa ikitaraplaýyn söwda gatnaşyklaryny hem giňeltmekçi.
-Germaniýanyň Kansleri Olaf Şols bilen netijeli gepleşikler geçirdik. Gepleşikler hindi-german hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň ugurlaryna, söwda gatnaşyklaryny giňeltmäge gönükdirildi. Biz şeýle hem, gaýtadan dikeldilýän energiýa, “ýaşyl” wodorod we bio-ýangyç pudagyndaky gatnaşyklary çuňlaşdyrmak barada ylalaşdyk. Howpsuzlyk babatdaky hyzmatdaşlyklary hem ara alyp maslahatlaşdyk – diýip Narendra Modi belledi.
Premýer-ministr iki ýurduň birnäçe kompaniýasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşandygyny we olar bilen ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmagyň ýollaryny ara alyp maslahatlaşandygyny aýtdy. – Duşuşykda sanly özgertmeler, finteks, IT we telekommunikasiýa ýaly pudaklara aýratyn üns jemlendi – diýip Modi belledi.