Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­ne ag­za ýurt­lar bi­len bir ha­tar­da beý­le­ki kä­bir ýurt­la­ryň 18 ýaş­ly 35 müň ra­ýa­ty­na Ýew­ro­pa ýurt­la­ry­ny aý­lan­mak üçin tö­leg­siz ot­ly bi­le­ti­ni be­rer. Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň “Eras­mus+” mak­sat­na­ma­sy­nyň çäk­le­rin­dä­ki “DiscoverEU” tas­la­ma­sy­nyň çä­gin­de 18 ýaş­ly­lar in­ter­net ar­ka­ly bu müm­kin­çi­lik­den peý­da­lan­mak üçin ýüz tu­tup bi­ler­ler. Ot­ly bi­le­ti 30 gü­ne çen­li güý­jü­ni sak­lar.
Bu müm­kin­çi­lik­den bi­le­le­şi­ge ag­za ýurt­lar bi­len bir ha­tar­da “Eras­mus+” mak­sat­na­ma­sy­na gir­ýän Is­lan­di­ýa, Lih­tenş­teýn, De­mir­ga­zyk Ma­ke­do­ni­ýa, Nor­we­gi­ýa, Ser­bi­ýa we Tür­ki­ýe döw­let­le­ri­niň ra­ýat­la­ry hem peý­da­la­nyp bi­ler.
Bu müm­kin­çi­lik­den 2004-nji ýy­lyň 1-nji iýu­lyn­dan 2005-nji ýy­lyň 30-njy iýu­ny ara­ly­gyn­da dün­ýä inen ýaş­lar peý­da­la­nyp bi­ler. Bi­let­ler bi­je esa­syn­da be­ril­ýär. Saý­la­nyp al­nan ýaş­lar şu ýy­lyň 15-nji iýu­nyn­dan gel­jek ýy­lyň 30-njy sent­ýab­ry­na çen­li ara­lyk­da 30 gün­läp Ýew­ro­pa ýurt­la­ry­ny ot­ly ar­ka­ly tö­leg­siz ge­zip bil­ýär­ler.
Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi bu mak­sat­na­ma­ny 2018-nji ýyl­dan bä­ri do­wam et­dir­ýär.