Di­ýa­ry­myz­da mö­hüm oba ho­ja­lyk möw­sü­mi bo­lan go­wa­ça eki­şi baş­lan­dy. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowyň 17-nji mart­da san­ly ul­gam ar­ka­ly ge­çi­ri­len Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň no­bat­da­ky mej­li­sin­de bel­län möh­let­le­ri­ne la­ýyk­lyk­da, Ahal, Bal­kan, Le­bap we Ma­ry we­la­ýat­la­ry­nyň pag­ta­çy­la­ry 24-nji mart­da go­wa­ça eki­şi­ne baş­la­dy­lar. Da­şo­guz we­la­ýa­ty­nyň daý­han­la­ry bu möw­sü­me 29-njy mart­da gi­ri­şer­ler.
Asyl­ly dä­be gö­rä, go­wa­ça eki­şi­ne hor­mat­ly ýa­şu­lu­lar ak pa­ta ber­di­ler. Be­ýik Bi­ri­bar­dan aba­dan­çy­lyk, mäh­ri­ban Wa­ta­ny­my­zyň gül­läp ös­me­gi, döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň döw­let­li tu­tum­la­ry­nyň ro­waç al­ma­gy di­leg edi­lip, meý­dan­la­ra il­kin­ji go­wa­ça to­hum­la­ry se­pil­di. Soň­ra me­ha­ni­za­tor­lar işe gi­riş­di­ler.
Şu ýyl ýur­du­myz bo­ýun­ça 580 müň gek­ta­ra go­wa­ça eki­ler. Go­wa­ça ös­dü­rip ýe­tiş­dir­mek­de oba ho­ja­lyk äh­mi­ýet­li ýer gaz­na­syn­dan ýer bö­lek­le­ri­ni alan hu­su­sy önüm ön­dü­ri­ji­le­riň ýur­du­my­zyň oba­se­na­gat top­lu­my­nyň kuw­wat­lyk­la­ry­ny art­dyr­mak­da ýyl-ýyl­dan iş­jeň­lik gör­kez­ýän­dik­le­ri­ni bel­le­me­li. Ekiş möw­sü­mi­ne çen­li pag­ta­nyň saý­la­ma to­hu­my saý­la­nyp alyn­dy. Or­ta sü­ýüm­li go­wa­ça to­hu­my­nyň saý­la­ma gör­nüş­le­ri ýur­du­my­zyň äh­li we­la­ýat­la­ryn­da ýe­tiş­di­ril­ýär. Şo­la­ryň ha­ta­ryn­da “Ýo­lö­ten — 7”, “Ýo­lö­ten — 39”, “Jeý­hun”, “S-2606”, “Da­şo­guz — 120”, “Da­şo­guz — 114”, “Gu­ba­dag — 3”, “149-F” ýa­ly go­wa­ça­nyň tiz ýe­tiş­ýän, ýo­ka­ry ha­syl­ly aras­sa gör­nüş­le­ri­ne aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­ril­di. Go­wa­ça­nyň in­çe sü­ýüm­li “Ýo­lö­ten — 14” gör­nü­şi top­rak-ho­wa şert­le­ri­ne la­ýyk­lyk­da, Ahal we Ma­ry we­la­ýat­la­ryn­da eki­ler.
Ekiş möw­sü­mi­ni ýo­ka­ry hil­li we ag­ro­teh­ni­ki ta­lap­la­ra la­ýyk­lyk­da ge­çir­mek mak­sa­dy bi­len, eki­ji trak­tor­la­ryň­dyr en­jam­la­ryň 1 müň 800-e go­la­ýy ula­ny­lar. Et­rap­lar­da abat­laý­jy, saz­laý­jy hü­när­men­ler­den yba­rat to­par­lar dö­re­dil­di. Olar göç­me us­sa­ha­na­lar, ze­rur en­jam­lar we ýan­gyç da­şa­ma­ga ni­ýet­le­nen aw­tou­lag­lar bi­len üp­jün edil­di. Ýur­du­my­zyň ekiş ge­çi­ril­jek meý­dan­la­ry­na tä­ze teh­ni­ka­lar, aý­ra­tyn-da, san­ly te­le­ma­tik ul­gam ar­ka­ly en­jam­laş­dy­ry­lan trak­tor­lar çy­ka­ry­lar. Olar dün­ýä­niň oba ho­ja­lyk teh­ni­ka­la­ry­ny ön­dür­mek­de öň­de­ba­ry­jy kom­pa­ni­ýa­la­ryn­dan sa­tyn alyn­dy. Ýer­ler­de teh­ni­ka­la­ra gi­je-gün­diz­le­ýin hyz­ma­ty ýo­la goý­mak, şeý­le hem me­ha­ni­za­tor­la­ryň we beý­le­ki iş­gär­le­riň ön­dü­ri­ji­lik­li işi, do­ly de­re­je­li dynç al­şy üçin äh­li ze­rur şert­ler dö­re­dil­di. Şol bir wag­tyň özün­de, et­rap­la­ryň we daý­han bir­le­şik­le­ri­niň çäk­le­rin­de he­re­ket ed­ýän bio­bar­lag­ha­na­lar ekiş möw­sü­min­de go­wa­ça­nyň zy­ýan be­ri­ji­le­ri­ne gar­şy ula­nyl­ýan eko­lo­gik taý­dan aras­sa we yk­dy­sa­dy taý­dan bäh­bit­li bioö­nüm­ler bi­len üp­jün edi­ler.
Eki­şiň öňü­sy­ra­syn­da we­la­ýat­lar­da eke­ran­çy­ly­gy mun­dan beý­läk-de döw­re­bap­laş­dyr­mak, oba­se­na­gat top­lu­my­nyň saz­la­şyk­ly ösü­şi­ni we ýo­ka­ry gir­de­ji­li­li­gi­ni üp­jün et­mek, oba ho­ja­lyk önüm­le­ri­niň önüm­çi­lik muk­da­ry­ny yzy­gi­der­li art­dyr­mak bi­len bag­la­ny­şyk­ly me­se­le­le­re ba­gyş­la­nan okuw mas­la­hat­la­ry ge­çi­ril­di. Ola­ra we­la­ýat­la­ryň we et­rap­la­ryň hä­kim­lik­le­ri­niň, Oba ho­ja­lyk we daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak mi­nistr­li­gi­niň, “Türk­mens­tan­dart­la­ry” baş döw­let gul­lu­gy­nyň, “Daý­han­bank” döw­let tä­jir­çi­lik ban­ky­nyň, jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry hem-de we­kil­le­ri, ag­ro­nom­lar, me­ha­ni­za­tor­lar, pag­ta­çy kä­ren­de­çi­ler gat­naş­dy­lar.
Ekiş möw­sü­mi­niň baş­lan­ma­gy my­na­sy­bet­li gu­ra­lan da­ba­ra­la­ryň çäk­le­rin­de ýur­du­my­zyň oba­se­na­gat top­lu­my­nyň önüm­çi­lik dü­züm­le­ri, gaý­ta­dan iş­le­ýän se­na­ga­tyň önüm­le­ri ba­ra­da gi­ňiş­le­ýin mag­lu­mat ber­ýän ser­gi­ler ýaý­baň­lan­dy­ryl­dy. We­la­ýat­la­ryň aý­dym-saz we folk­lor to­par­la­ry­nyň çy­kyş­la­ry pag­ta­çy kä­ren­de­çi­ler üçin öz­bo­luş­ly dö­re­di­ji­lik sow­ga­dy­na öw­rül­di.