Müsür, zerur amallary tamamlandan soň BRIKS ýurtlary (Braziliýa, Russiýa, Hindistan, Hytaý we Günorta Afrika) tarapyndan döredilen Täze ösüş bankynyň (NDB) täze agzasy boldy. Bu barada maliýe guramasynyň resmi web sahypasynda habar berilýär. Resmi taýdan Müsür şu ýylyň 20-nji fewralyndan degişli status eýe bolupdy, ýöne bu baradaky habar diňe häzir peýda boldy.
NDB-niň dolandyryjylar geňeşi 2020-nji ýylyň ahyrynda banka täze agza ýurtlar bilen resmi gepleşikleri geçirmäge ygtyýar berdi. Üstünlikli gepleşiklerden soň, NDB Müsüriň 2021-nji ýylyň dekabrynda kabul edilmegini makullady we şol ýylyň sentýabr aýynda Birleşen Arap Emirlikleri (BAE), Urugwaý we Bangladeş üçin hem şeýle karar kabul edildi. Urugwaýdan başga ählisi zerur amallary tamamlandan soň resmi taýdan bankyň agzalary boldy.
Täze ösüş banky, BRIKS ýurtlary tarapyndan 2014-nji ýylyň iýul aýynda Fortalezada geçirilen VI BRIKS sammitinde gol çekilen hökümetara ylalaşyk esasynda döredildi. Bankyň işiniň maksady, BRIKS ýurtlarynda we ösýän ýurtlarda infrastruktura taslamalaryny we durnukly ösüş taslamalaryny maliýeleşdirmekden ybarat.
Bank köp ýyllaryň dowamynda ulag, suw üpjünçiligi, arassa energiýa, sanly we sosial infrastruktura we şäher gurluşygy ýaly ugurlary goldamak bilen baglanyşykly jemi 32 milliard dollarlyk 90-dan gowrak taslamany tassyklady.