Ösümlikleriň ses çykarýandygy anyklandy

187

Ösüm­lik­le­riň adam gu­la­gy­nyň eşit­me­ýän se­si­ni çy­kar­ýan­dy­gy üze çy­ka­ryl­dy. “The Cell” yl­my žur­na­ly çap edi­len ma­ka­la­da ösüm­lik­le­riň ses­siz jan­dar­lar däl­di­gi bel­le­nil­ýär. Tel Awiw uni­wer­si­te­ti­niň te­bi­gy bi­lim­ler fa­kul­te­ti­niň de­ka­ny, pro­fes­sor Li­laç Ha­da­ni se­se jo­gap ber­ýän örän köp or­ga­niz­miň bar­dy­gy­ny bel­le­ýär. Pro­fes­sor şu se­bäp­den ösüm­lik­le­riň hem ker we lal­dy­gy­ny pi­ki­ri et­me­giň dog­ry däl­di­gi­ni aýd­ýar. Bar­la­gyň çä­gin­de pro­fes­sor mun­dan 6 ýyl ozal la­bo­ra­to­ri­ýa­da ult­ra­so­nik mik­ro­fon ar­ka­ly kak­tu­syň se­si ýaz­ga alyp­dyr.
Ha­da­ni munn­dan ozal ösüm­lik­le­riň yr­gyl­dy eme­le ge­ti­ren­di­gi­ni, em­ma mu­nuň ho­wa­da ses tol­ku­ny­na öw­rül­ýän­di­gi­ni su­but ed­ýän de­li­liň bol­man­dy­gy­ny aýd­ýar. Şol se­bäp­li Ha­da­ni öz to­pa­ry bi­len ses ge­çir­me­ýän akus­tik gu­tu­la­ryň için­de ösüm­lik­le­riň se­si­ni al­ma­ga sy­na­ny­şyp­dyr. Bar­la­gyň çä­gin­de gu­tu­la­ryň içi­ne 20-250 ki­lo­gers ara­ly­gyn­da­ky se­si du­ýup bil­ýän ult­ra­so­nik mik­ro­fon­lar hem-de po­mi­dor şi­til­le­ri­ni ýer­leş­di­ri­lip­dir. Soň­ra bol­sa kä­bir ösüm­lik­le­riň kä­bir şa­ha­jyk­la­ry­ny ke­sip­dir­ler, kä­bi­ri na­hal­la­ra suw be­ril­män­dir we kä­bi­ri­ne ka­da­ly se­re­di­lip­dir.
Soň­ra en­jam­lar ada­myň eşi­dip bil­me­jek de­re­je­de pes – 40-80 ki­lo­gerts ara­ly­gyn­da­ky ses­le­ri ýaz­ga alyp­dyr. Yl­my to­par bu­la­ryň mek­ge­jö­we­niň ýa­ryl­ýan wag­tyn­da se­si­ne meň­zeş­di­gi­ni bel­le­ýär. Şeý­le hem bo­ta­nik­ler azar gö­ren ösüm­lik­le­riň has köp ses çy­kar­ýan­dy­gy­ny bel­le­ýär­ler.

Ýe­ňiş My­ra­dow, Türk­me­nis­ta­nyň Oguz han adyn­da­ky in­že­ner-teh­no­lo­gi­ýa­lar uni­wer­si­te­ti­niň ta­ly­by.