Ni­der­land­lar­da müş­de­ri­ler­den ga­la­ýy gu­tu­ly içim­lik­le­ri üçin de­po­zit al­nyp baş­lan­dy. Ýur­duň hö­kü­me­ti­niň be­ren be­ýa­na­tyn­da iki ýyl ozal ki­çi plast­mas­sa gap­lar üçin güý­je gi­ri­zi­len düz­gün in­di ga­la­ýy gu­tu­lar üçin hem de­giş­li edil­di. Be­ýa­nat­da de­po­zi­tiň ba­ha­sy­nyň 15 sent­di­gi bel­le­nil­ýär. Ýurt­da zy­ňyn­dy­la­ry azalt­mak mak­sa­dy bi­len bu gu­tu­la­ry ka­bul ed­ýän 27 müň­den gow­rak no­kat dö­re­dil­di. Müş­de­ri­ler söw­da no­kat­la­ryn­da ga­by yzy­na tab­şyr­mak ar­ka­ly pu­lu­ny yzy­na alyp bi­ler­ler. Şeý­le hem ki­no­teatr­lar­da we sport klub­la­ryn­da ha­ýyr-sa­ha­wat eda­ra­la­ry­na ge­çi­rip bi­ler­ler. Be­ýa­nat­da bu düz­gü­niň mak­sa­dy­nyň 2 mil­liard ga­la­ýy gu­ty­nyň uly bö­le­gi­niň ýe­re taş­la­nyp te­bi­ga­ty za­ýa­la­ma­gy­nyň öňü­ni al­mak­dan we gaý­ta­dan peý­da­la­nyl­ma­gy­ny ýo­la goý­mak­dan yba­rat­dy­gy mä­lim edil­di.
De­po­zit düz­gü­ni ýo­la goý­lan­dan soň­ra ki­çi pet gap­la­ryň zyň­ly­şy­nyň 50 gö­te­rim­den gow­rak aza­lan­dy­gy mä­lim edil­di. Bu düz­gü­niň Ger­ma­ni­ýa, Finl­ýan­di­ýa, Nor­we­gi­ýa we Da­ni­ýa ýa­ly ýurt­lar­da bar­dy­gy bel­le­nil­di.