Golaýda Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň hünärmenleri “Türkmenistan – ÝUNESKO Diýardan ýaýran ýollar” atly şygar astynda Diýarymyzyň täsinliklere baý ajaýyp künjeklerini giňden öwrenmek hem-de şol gözellikleri gelejekki nesillere ýetirmek maksady bilen tebigy we taryhy ýadygärlikleriň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmegi ugrunda alnyp barylýan işler dogrusynda “Köýtendag – türkmen tebigatynyň täsinliklere baý bolan ajaýyp künjegidir” ady bilen Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat Türkmenabat şäher komitetiniň işgärleriniň, agzalarynyň, gaýry myhmanlaryň gatnaşmaklarynda amaly okuw maslahatyny geçirdi. Amaly okuw maslahatynyň başynda Köýtendagyň täsinliklerini, Dinozawrlaryň aýak yzlaryny, Kyrkgyzyň sudurlaryny Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen dünýäde ýeke-täk Köýtendagyň ýerasty kölünde mesgen tutunan kör ýalaňaç balyklaryny, jana şypaly Gaýnar baba çeşmesini, Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen Burma şahly umgalaryň foto suratlary ýerleşdirilen ýörite foto albom bilen tanyşdyryldy. Şeýle-de Köýtendag gözelliklerini, täsinliklerini wasp edýän görkezme esbaplar görkezilip, okuw maslahatyna gatnaşyjylarda Watanymyza, türkmen tebigatyna ösümlik we haýwanat dünýämize bolan söýgini has-da berkemeginde uly ruhubelent duýgularyny oýardy.
Esasy Dünýä täzelikleri “Köýtendag – türkmen tebigatynyň täsinliklere baý bolan ajaýyp künjegidir” atly çäre geçirildi