Angliýanyň “Fulham” toparynyň serbiýaly ýyldyzy Aleksandar Mitrowiçe ýurduň futbol federasiýasy 8 oýunlyk jerime berdi. Jerimäniň FA Kubogy duşuşygynda serbiýaly hüjümçi emin Kris Kawanga garşy gödek hereketler, şol sanda sportuň jentlmenligine gabat gelmeýän hereketler, paýyş we kemsidýän sözler ulanany üçin berlendigi bellenilýär. 19-njy martda oýnalan “Mançester Ýunaýted” – “Fulham” duşuşygynyň 72-nji minutynda Willianyň derwezä barýan topy eli bilen saklany üçin emin braziliýaly oýunça gyzyl kart berip, penalti urgusyny belläpdi. Bu karara gahar eden Mitrowiç emini itekläp, gyzyl kart alypdy. Ondan soň emine garşy topulan Mitrowiç 8 oýunlap meýdança çykmaz. Şol sanda oýunça 75 müň funt sterlinglik pul jerimesi hem salyndy.
Angliýanyň futbol federasiýasy duşuşykda gyzyl kart alan “Fulham” toparynyň tälimçisi Marko Silwany hem jerimesiz goýmady. 2 oýunlyk jerime alan tälimçi 40 müň funt sterlinglik pul jerimesine-de sezewar edildi.