Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri Ri­şi Su­nak Bel­fast­da ABŞ-nyň Pre­zi­den­ti Jo Baý­den bi­len du­şu­şyk ge­çir­di. Du­şu­şy­gyň bar­şyn­da ta­rap­lar De­mir­ga­zyk Ir­lan­di­ýa­da­ky sy­ýa­sy ýag­daý­lar we glo­bal yk­dy­sa­dy me­se­le­ler ba­ra­da pi­kir alyş­dy­lar.
Du­şu­şyk­da Prem­ýer-mi­nistr, on müň­ler­çe iş ýe­ri­ni dö­ret­mä­ge se­bäp bo­lan köp mil­liard funt möç­ber­dä­ki ma­ýa go­ýum­la­ryň ha­sa­by­na De­mir­ga­zyk Ir­lan­di­ýa­nyň gül­läp ös­me­gin­de ame­ri­kan ra­ýat­la­ry­nyň we kär­ha­na­la­ry­nyň oý­nan ro­ly üçin min­net­dar­lyk bil­dir­di.
Prem­ýer-mi­nistr we Pre­zi­dent Baý­den De­mir­ga­zyk Ir­lan­di­ýa­da­ky sy­ýa­sy ins­ti­tut­la­ryň gys­ga wagt­da tä­ze­den açyl­ma­gy­na umyt bil­dir­di­ler. Gep­le­şik­le­riň do­wa­myn­da Su­nak we Baý­den Lon­don bi­len Wa­şing­to­nyň ara­syn­da­ky yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­ly­gy çuň­laş­dyr­mak me­se­le­le­ri­ne-de de­gip geç­di­ler.
Ta­rap­la­ryň maý aýyn­da Ýa­po­ni­ýa­da ge­çi­ril­jek G7 to­pa­ry­nyň sam­mi­tin­de we Su­na­gyň iýun aýyn­da Wa­şing­to­na ama­la aşyr­jak sa­pa­ryn­da yk­dy­sa­dy howp­suz­lyk me­se­le­le­ri­ni ara alyp mas­la­hat­laş­ma­gy do­wam et­dir­mek is­le­ýän­dik­le­ri­ni bel­le­di­ler. Şeý­le hem, ta­rap­lar ýurt­la­ry­yň yk­dy­sa­dy aba­dan­çy­ly­gy­ny ýo­kar­lan­dyr­mak üçin G7 we G20 ýa­ly glo­bal fo­rum­la­ry ulan­ma­gyň äh­mi­ýe­ti ba­ra­da yla­laş­dy­lar.