Gündogar edebiýatynda öçmejek yz goýan, poeziýa äleminde ady altyn harplar bilen ýazylan beýik akyldarlaryň biri hem Magtymguly Pyragydyr. Onuň bize galdyran döredijiliginiň gymmatyna diňe bir çeper söz, şygyr jähetden baha berilse, Magtymgula diňe şahyr hökmünde garalsa, bärden gaýdyldygy bolar. Ol diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, dünýäniň pelsepewi pikirlerini ösdüren, çeperçilik aňyny nurlandyran, dünýewi durmuşy çeper şöhlelendiren akyldar şahyrdyr. Oňa şygryýet dünýäsiniň täjini başyna geýen hökümdar diýsek hem ýalňyşmaýarys.
Magtymgulynyň ady, onuň şahyrana owazy öz döwründe we şondan soňraky ýyllarda, aýratynam Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ýokary derejedäki umumy döwlet syýasatynyň netijesinde, ýedi yklyma ýaýbaňlanýan ýaň bolup, älem-jahana ýaýrady. Bu adyň özboluşly, iňňän gymmatly tarapy onuň ýeke-täk bir şahsyýetiň mertebesini aňlatman, eýsem, tutuş bir milletiň – türkmeniň at-owazasyny, abraýyny tug kimin belende galdyrandygy bilen häsiýetlendi. Şahyryň mertebesi, onuň türkmeniň taryhyndaky, jemgyýetçilik-syýasy, medeni-edebi durmuşyndaky orny müdimidir. Magtymguly türkmeniň kalbyna iň beýik ynanç, aňyna bolsa durmuşyň ýagşysyny-ýamanyny hatasyz seljerýän mähek daşy, göreçlerine öçmejek nur bolup çaýyldy. Dogrusyny dogry aýtmaly, batyrlygyň, adamkärçiligiň azatlygyň, zähmetsöýerligiň, halallygyň, watanperwerligiň, parasatlylygyň, kiçigöwünliligiň, kanagatlylygyň, oňşuklylygyň, myhmansöýerligiň, umytlylygyň we adama mahsus gaýry birnäçe oňat häsiýetleriň hemmesini özünde jemleýän türkmeniň hakyky bitewi keşbi häli-häzirlerem Magtymgulynyň döredijiligindäki ýaly derejede doly we köptaraply, çeper we çuňňur, adamzat kalbynyň içinden eriş-argaç bolup geçişi ýaly ähli döwürleriň durmuş hakykatyna laýyk gelýän röwüşlerde şekillendirilen däldir.
Onuň şygyrlary öz döwründe ynsan kalbyny epgekden we gurakçylykdan halys surnugan topraga ýagan sahawatly ýagyş ýaly gandyrdy. Ol diňe bir öz döwründe däl-de, häzirki döwrümizde hem tutuş adamzat jemgyýetini özgerdiji, terbiýeleýji güýç bolup durýar. Beýik akyldaryň şygyrlary ynsan kalbynyň ruhy lukmany bolup, daşyň ýüzüne iňňe bilen oýup ýazylan ýaly, her bir adamyň ýürek töründe orun aldy.
Asyrlaryň jümmüşinden ýol ýasap, häzirki günlerimize gelip ýeten şygyrlarynyň aglaba bölegi bolsa edep-terbiýeçilik, watançylyk şygyrlarydyr. Beýik akyldaryň watançylyk goşgularynda watançylyk duýgusynyň inçe we ýiti beýan edilmegi hakyky taryhy mazmuna eýedir. «Türkmeniň» goşgusynda «Jeýhun bilen Bahry-hazar arasy» diýip bir setirde türkmen kartasyny suratlandyrmagy hem munuň aýdyň subutnamasydyr.
Magtymguly Pyragynyň esasy öňe süren maksady bolsa türkmeniň bir bitewüligini gazanmak, jebis bir döwleti gurmak bolupdyr. Ol bütin ömründe berkarar döwletiň arzuwynda gezipdir. «Türkmeniň», «Gürgeniň», «Türkmen binasy», «Istärin» ýaly goşgularyny muňa mysal getirmek bolar.
Ýalan dünýäde ýörmäge,
Döwlet ber, aşret sürmäge,
Ömür ekläp, gün görmäge,
Segsen ýyl pursat islärin.
Pyragy, yşka ugraşdym,
Derýa girdim, möwje düşdüm,
Hor galmasyn puştdan-puşdum
Berkarar döwlet islärin.
Häzirki wagtda şahyryň goşgularynyň köpüsi halk aýdymlaryna öwrüldi, şol goşgy setirleri adaty adamlaryň durmuşyna pugta ornaşan hem bolsa ganatly sözlere we nakyllara öwrülip galypdyr. Magtymguly Pyragy birnäçe şahyrlaryň gaýybana halypasy bolup, döredijilik ýolunda uly görelde mekdebe öwrülendigini aýtsak hem ýalňyşmarys.
Şanyň ýitmez geçse geçsin asyrlar,
Nakyla öwrülen her bir setirleň,
Ýoluna çyragdyr bu ýaş nesilleň
Paýhas mekdebisiň bu gün Pyragym.
Öz halkyny söýen şahsyýet beýleki halklary hem söýmäge ukyplydyr, öz mertebesini saklap bilen adam ähli adamlaryň mertebesini belent göterip biler. Şahyryň öz döwründe dünýä, ynsan, ýaşaýyş baradaky halka ýaýan oňyn pelsepewi garaýyşlary, jemgyýetiň, adamlaryň ruhy kämilligi baradaky eden wesýetleri öz halkyna bolan çäksiz söýgüsiniň netijesidir. Magtymguly döwürdeşlerini, halky adalatly jemgyýetiň, bagtly ýaşaýşyň gözbaşynyň nämedigine göz ýetirmäge, bolup geçýän zatlaryň düýp mazmunyna düşünmäge çagyrdy. Adamlary paýhaslanmaga, özüne düşünmäge, millet hökmünde özüni tanamaga ugrukdyrdy. Öz iliniň asuda, parahat durmuşda ýaşamagyny, ylymly-bilimli bolmagyny, medeniýetiniň beýgelmegini arzuwlan beýik şahyr halkyna pähim- parasatdan we şirin duýgulardan püre-pür bolan ajaýyp şygyrlar hazynasyny miras galdyrdy. Bu ajaýyp şygyrlardaky ýugrumy ýeten, sagdyn pikirler diňe bir türkmen halkynyň geljegi üçin däl, bütin adamzadyň durmuşy we ruhy zerurlyklary üçin mynasyp ýol-ýörelge boldy. Hut şonuň üçin hem, şahyryň şygyrlar dünýäsiniň gymmaty milli çäklerden çykyp, dünýä edebiýatynyň medeni gymmatlyklaryna, adamzat paýhasynyň genji-hazynasyna öwrüldi. Magtymgulynyň döredijiligi bu gün diňe türkmen halkyna däl, eýsem, tutuş adamzada ruhy lezzet berýär. Şonuň bilen birlikde, şahyryň döredijiligi durmuş bilen baglanyşykly meseleler babatda oýlandyrýan döredijilikdir.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri bolsa Magtymguly Pyragynyň bütin ömrüniň dowamynda arzuwlan döwrüdir. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň yhlasy bilen şahyryň abraý-mertebesi has-da artyp, onuň eserleri dürli daşary ýurt dillerine terjime edildi. Magtymguly Pyragy bu gün umumy adamzat kalbynyň beýik akyldar şahyryna öwrüldi.
Gülşat Akyýewa,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň «Buhgalterçilik hasaba alnyşy» kafedrasynyň müdiri, uly mugallym.
Ymamguly Rejepow,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň «Buhgalterçilik hasaba alnyşy» kafedrasynyň mugallymy.