17-nji aprelde Gannower senagat ýarmarkasynyň 2023 /Gannower Messe/ açylyş dabarasy geçirildi. Bu ýylky sergi “Senagat öwrülişigi – täze döredýäris” atly sergi howanyň senagat çözgütlerini gözlemäge bagyşlanýar.
Çärä 17-nji aprelden 21-nji aprel aralygynda bolar. Serginiň hormatly myhmany Indoneziýa. Ýarmarka Senagat 4.0, emeli aň we energiýa dolandyryşy, wodorod we ýangyç elementleri hem-de uglerod-bitarap önümçiligi ýaly temalara bagyşlanýar.
Germaniýanyň Kansleri Olaf Şols açylyş dabarasynda çykyş edip, “Gannower Messe”-iň öz işine başlandygyna örän şatdygyny aýtdy. Durnuklylyga we howanyň bitaraplygyna geçmek Germaniýa üçin ägirt uly mümkinçilikleri döredýär we iş orunlarynyň döredilmegine we ykdysady ösüşe ep-esli itergi berer. 2045-nji ýyla çenli Germaniýa dünýäde howanyň bitaraplygyny gazanan ilkinji ýurtlardan biri bolmaly; ol 2030-njy ýyla çenli 80 göterime ýeter. Germaniýada sarp edilýän elektrik energiýasy gaýtadan dikeldilýän çeşmelerden ybarat bolmaly. O.Şols, klimat maksatlaryna ýetmek üçin energiýa geçişiniň çaltlaşdyrylmalydygyny, “günde ortaça dört-bäş sany ýel turbinasyny gurmalydygyny we 40-dan gowrak futbol meýdançasyna deň bolan Gün ulgamlaryny gurmalydygyny” belledi.
Indoneziýanyň Prezidenti Joko Widodo açylyş dabarasynda eden çykyşynda öz ýurdunyň ýakyn ýyllarda ýaşyl energiýa geçmegine umyt edýändigini aýtdy.